8 Ocak 2011 Cumartesi

Towukly,sehriyeli bir nahar

Gerek zatlar: (3 adamlyk)
  • Towuk eti 350g
  • 1 paket turk arpa sehriyesi
  • 1 sogan
  • 1 nahar cemce biber pasta
  • duz,garaburc,yag we islan bahartlarnyz
Bu reseptin asly Oktay ustanyn kitabyndan aldym yone reseptdaki kabir zatlar oyde bolmanson edil sol wagtam bu nahary gaty edip goresim gelenson oyde bar zatlar bilen azajyk original resepti uytgetmeli boldum we sizin bilen paylasyaryn.
Towuk eti boleklap yagda gowurmaly. TOwuklar azajyk gowrulyp gyzaryp baslanson sogany dograp atmaly. Soganam garysdyryp gowrulanson biber pastany gosup garysdyrmaly we suw guymaly (suw zatlan yarsyna gelyanca guymaly) bahartlaram gosup gabyn agzyny yapyp hayaljak otda gaynap durar yaly etmeli. Basga bir skoworodka azajyk yag guyup sehriyeni guymaly we gowurmaly bulasdyryp orta otda. Sehriye gowrulanson nahary bisirjek borjamynyza guymaly we duybune yayratmaly. Sehriyen ustunden gaynap duran towugynyzam guyup yenede hemme zadyn ustune 1 barmak cykjak sekilde gaynag suw guyup duzuny sazlap borjamyn agzyny alyumin folga bilen yapyp onunden gyzdyrlan 350F duhowkada sehriye bisyanca bisirmeli. Arasynda barlanyzda suw cekilip sehriyede bismedik bolsa yene azajyk gyzgyn suw guyaymaly.

Ansat baklajan salat

Gerek zatlar:
1 baklajan
1 pomidor
azajyk petruska
duz,zeytun yag
Baklajanyn dasyny yuwup, guradyp gazyn ustunde oda tutmaly(arasynda eylesine beylesine owrusdirip bisyanca gazyn ustunde basym yumsap bisyar). Sonra dasyny ayryp salatlyk dogramaly we salady goyjak tarelkanyza yayradyp goymaly. Ustunden dogralan pomidory we petruskany goyup duz sepmeli, yagyny guymaly.

Tatly

Gerek zatlar:
Keki ucin:
  • Ladyfingers( tayin koke)1 paket
Muhallebisi ucin:
  • 1 litr suyt
  • 4 nahar cemce un
  • 2 nahar cemce krahmal (nishasta)
  • 1,5 turk cay bardagy seker
  • 1 yumurtga
  • 1 pk wanilin
Ustu ucin:
tayin sokolad puding 1 pk

Men koprak adam ucin edemson uly borjam ulandym. (kokan hemmesini ulanmadym). Borjama 1 hatar kokeleri duzup hersinin ustune 1 cay cemce suyt guyup cykmaly. Muhallebi ucin zatlaryn hemmesini gazana guyup gowy garysdyrmaly we onson oda goyup gatyrak otda bisirmeli bulasdyryp. Muhallebi goyulasanson kokelen ustune guymaly we gyraden edip yayratmaly(muhallebini gaty goyi etmeseniz ozem yayrar kokelen ustune, yone gaty suwugam etman son donman durmasyn:)).Muhallebini yayradyp bolanynyzdan son yene bir hatar kokeleri duzup onkilere edisimiz yaly suyt guyup cykmaly we olan ustundenem sokolad pudingi yayradyp cykmaly. Isleseniz serwis edenizde yuzune kokos sepip bilersiniz. Mena seyle ozuni serwis etdim.

Ertirliginize goshmacha

Gerek zatlar:
baklajan
pomidor
Baklajanlary alaja artyp uzynlygyna incerak edip kesip yagda gyzartmaly. Pomidory terkadan gecirip zeytun yagda gowurup baklajanyn ustune goymaly.

5 Ocak 2011 Çarşamba

Ansat salat

Gerek zatlar:
  • Gyzyl noyba (kidney beans premium dark red) 1 konserwa
  • soleniy hiyar 3-4 sany
  • yasyl sogan 1/2 bogdak
  • petrushka 1/3 bogdak
  • duyp sogan 1/4 (uly bolsa)
  • limon,zeytun yag,duz
Soleniy hiyar,duyp sogan we yasyl sogany dograp noybanam gosup hemmesini garmaly. Sonam limon gysyp (yarty limon ulandym) yag gosup garysdyryp in ustunede dogralan petruska sepmeli.

15 Aralık 2010 Çarşamba

Yashil,gyzyl merjimek corbasy

  • Gerek zatlar:
  • yasyl merjimek (cak bilen aldym olcemedim)
  • gyzyl merjimek
  • 1 kici sogan
  • 1 kartoska uly
Sogany maydarak dogramaly. Kartoskany terkan irisinden gecirmeli. Merjimekleri yuwmaly. Gazana osumlik yag guyup sogany gowurmaly. Son kartoskany goshmaly. Azajyk garyshdyryp merjimekleri goshmaly we 1 minut yaly garshdyryp suw guymaly(men yili suw guydum). Suw hemme zadyn ustune iki barmak yaly cykyanca guydum. Gaty otda gaynayanca garasyp sonam gazanyn asagyny hayaljak edip merjimekler bisyanca gaynatmaly gazanyn gapagyny calaja acyp. Merjimekler bisenson corban goyulygny ozunize gora sazlap gara burc,duz,kimyon we narpyz gosup blenderden gecirmeli.

10 Aralık 2010 Cuma

Kartoshkaly pirozhki

Gerek zatlar:(10 adamlyk)



1000g gatyk

4 yumurtga

2 paket kabartma tozu

4 nahar cemce smetana

duz,un

Ici ucin:



10 sany kartoshka(ululy kicili)

150g farsh

1 sogan

Kartoshkalary artyp boleklere bolup duzly suwda bisyanca gaynadyn. Bisenson suwuny dokup(bar suwuny dal azyrak goyun) pure etmeli. Basga bir gapda sogany dograp farsh bilen gowurmaly,duzlamaly. Sonam kartoshka pure bilen garyp duz,garaburc sepmeli we agzyny yapyp sowamaga goymaly. Hamyry ucin men dasyny okaman alypdyryn gatygy(oydede gutarypdy:) seker garylan suyji gatyk alypdyryn yone hamyrda tagamy bildirmedi son ucin ozuniz haysy gatygy gosasynyz gelse gosayin. Gatygy,yumurtgany,smetanany,duzy gowy garmaly. Sonam kabartma toz bilen uny gosup ele yelmesmeyan hamyr etmeli. Hamyry edip bolanynyzdan son ustune klenka yaly bir zat bilen yapip 30 minut goyun. Sonam hamyrdan kicijik bolejikler alyp azajyk yayin(yaninizda un bolsun sebabi hamyr yelmesyan hamyr bolyar) we icini goyup iki gyrasyny ortada birlesdirip ilki birlesdirlen tarapyny sonam eyleki tarapyny yagda gyzardyn.