15 Aralık 2010 Çarşamba

Yashil,gyzyl merjimek corbasy

  • Gerek zatlar:
  • yasyl merjimek (cak bilen aldym olcemedim)
  • gyzyl merjimek
  • 1 kici sogan
  • 1 kartoska uly
Sogany maydarak dogramaly. Kartoskany terkan irisinden gecirmeli. Merjimekleri yuwmaly. Gazana osumlik yag guyup sogany gowurmaly. Son kartoskany goshmaly. Azajyk garyshdyryp merjimekleri goshmaly we 1 minut yaly garshdyryp suw guymaly(men yili suw guydum). Suw hemme zadyn ustune iki barmak yaly cykyanca guydum. Gaty otda gaynayanca garasyp sonam gazanyn asagyny hayaljak edip merjimekler bisyanca gaynatmaly gazanyn gapagyny calaja acyp. Merjimekler bisenson corban goyulygny ozunize gora sazlap gara burc,duz,kimyon we narpyz gosup blenderden gecirmeli.

10 Aralık 2010 Cuma

Kartoshkaly pirozhki

Gerek zatlar:(10 adamlyk)



1000g gatyk

4 yumurtga

2 paket kabartma tozu

4 nahar cemce smetana

duz,un

Ici ucin:



10 sany kartoshka(ululy kicili)

150g farsh

1 sogan

Kartoshkalary artyp boleklere bolup duzly suwda bisyanca gaynadyn. Bisenson suwuny dokup(bar suwuny dal azyrak goyun) pure etmeli. Basga bir gapda sogany dograp farsh bilen gowurmaly,duzlamaly. Sonam kartoshka pure bilen garyp duz,garaburc sepmeli we agzyny yapyp sowamaga goymaly. Hamyry ucin men dasyny okaman alypdyryn gatygy(oydede gutarypdy:) seker garylan suyji gatyk alypdyryn yone hamyrda tagamy bildirmedi son ucin ozuniz haysy gatygy gosasynyz gelse gosayin. Gatygy,yumurtgany,smetanany,duzy gowy garmaly. Sonam kabartma toz bilen uny gosup ele yelmesmeyan hamyr etmeli. Hamyry edip bolanynyzdan son ustune klenka yaly bir zat bilen yapip 30 minut goyun. Sonam hamyrdan kicijik bolejikler alyp azajyk yayin(yaninizda un bolsun sebabi hamyr yelmesyan hamyr bolyar) we icini goyup iki gyrasyny ortada birlesdirip ilki birlesdirlen tarapyny sonam eyleki tarapyny yagda gyzardyn.

Ezogelin corbasy

Gerek zatlar :(10 adamlyk)

3 nahar cemce gyzyl merjimek
3 nahar cemce palavlyk bulgur
3 nahar cemce burunc
1 nahar cemce un
2 nahar cemce wermishel (tel shehriye)
1 nahar cemce tomat pasta
1 kici sogan
duz,suw,narpyz,garaburc

Bulgury,burunji,merjimegi hersini ayry gapda bisyanca gaynatmaly. Gazana azyrak mesge goyun we mesge eranson osumlik yag bilen dogralan sogany gosun we gowurun. Sogan gowrulanson uny gosun. Azajyk gowuranynyzdan son wermisheli gosun we 3-4 minut yaly bulasdyryp, tomat pasta bilen narpyzam gosun we gowurun sonam azyrak sowuk suw guyun. Suw gaynandan son burunji,merjimegi,bulgury gaynan suwlary bilen guyun. (suwlary gaty kop bolsa baryny guyman). Zatlary gosup suwuny sazlan goyurak bolsa sonam gaynadyn. Gaynandan son garaburc bilen duz gosun

Miweli ansat tatli

Gerek zatlar(orta boy borjamlyk)



2 banan

7 sany klubnika(2-si uly,galany orta boyly)

2 kiwi

1 pk ulker koke (uly paketdaki kokelen yekeje paketi)

krem shanti

Bananlary tegelek giyishdirmaly,kiwi bilen klubnikany maydarak dorgashdyrmaly. Bir gaba kokeleri eliniz bilen owradyp(maydalamak hokman dal) hemme owradan kokelerniz eziljek shekilde krem santi gosun we eliniz bilen garysdyryn. Sonam miweleri gosup garysdyryn we borjama gecirip borjamyn ustuni alyumin folga yada paket bilen yapyp holodilnikde edil buzlugyn asagyndaky polkoda goyun

Salmon balygy

Gerek zatlar:


salmon balygy

gara burc

duz

paprica(ajy dal gyzyl mayda burca menzesh)

mesge

Balygy boleklap her bolegi alyumin folgan ustune gecirin(alyumin folgany her bolek ucin ayratyn bolmeli we balyklary dolamak ucin yetmeli) we eredilem mesge calyn, son ustune duz,gara burc we paprika sepip folgany dolan we podnosa goyun. Hemme bolekleri dolap bolanynyzdan son 350F 30 minut yaly bisirin. Sonam folgalary acyp (balyklary yone folgadan ayirman)duhowkany broil edip 2 minut yaly bisirin. Sonam yanindan ak palaw bisirip serwis edin