29 Mayıs 2010 Cumartesi

Baklajanly borek

Gerek zatlar:
Bu boregin dine ici uytgesik galan zady onki borekler yaly
1 baklajan
1 kici sogan
1bolgar burc
2 pomidor
Baklajany artyp maydajyk dogramaly. Eyleki zatlaram maydajyk dograp hemmesini gowrup duz garaburc sepip bisirmeli. Boregin sousy ucinem oyde bar zatlary ulandym azajyk gatyk,smetana,cal,1 yumurtga,zeytunyag.

Medowik

Gerek zatlar:
hamyry ucin:
  • 2 yumurtga
  • 2 nahar cemce suwuk ary bal
  • 1 cay cemce soda
  • 1 stakan seker
  • 125g margarin yada mesge
  • 3,5-3 stakan un
Kremi ucin:
  • 1konserwa sgushenka
  • 200g mesge
Chaynege yada gazan yal bir gaba suw alyp gaynatmaly. Suw gaynanson gabyn gapagyny ayryp suwly gabyn agzyna gabatgelyan we gyzgyna cydamly bir gap goyup icine hamyr ucin bolan mesgani goymaly we mesge eranson seker bilen baly gosup seker ereyanca garyp durmaly. Seker gowy eranson sodanam gosmaly we garysym cisip baslayanca bulap durmaly(renkem azajyk aga yakyn bolyanca). Son ayryp sowayanca garasmaly we sowanson yumurtgalary gosup elimiz bilen garyp yuwasjadan unam gosup ele yelmesmeyan hamyr etmeli. Hamyr bolandan son 6 den bolege bolup medowigi namede bisirjek bolsanyz sol gaby kek bisiremizde sepyan Baker's joy sepip bir bolek hamyry gabyn ortasynda goyup elimizi yaglap elimiz bilen basyp yukaltmaly(men tegelek gapda bisirdim) we onunden gyzdyrlan 360F 5-7 minut bisirmeli(derrew bisyar). Bisirip durkanyz kreminem mesgani mikserlemeli we sgushenkany gosup yene gowy garaymaly. Men 6 bolek hamyryn bir bolegini gaytyrak gyzardyp yuzune sepmage ulandym 5 gat etdim medowigi. Bisirip bolanynzdan son her gata krem calyp yuzunede krem calyp ustunem isleysiniz yaly bezap bilersiniz.

28 Mayıs 2010 Cuma

Baklajanly duhowka nahary

Gerek zatlar:
1 baklajan
1 uly pomidor
1 bolgar burc
350g farsh
1 sogan
petrushka
1 nahar cemce tomat pasta
1/4 stakan suw
Farshy, sogany mayda dograp we petrushkany garmaly we kotlet yasap goymaly(duz bilen burc gosmanam unutmalyn:). Baklajany alaja artyp keseligne kesishdirip(tegeleklere bolmeli) yagda gyzartmaly we yagyny suzdurmeli. Bisirjek gabynyza gezekleshdirip kotlet,baklajan,kotlet,pomidor, kotlet,bolgar burc goyushdyryp cykmaly. Duzup bolanynyzdan son gyzgyn suwda tomat pastany eredip ustune guyushdyryp 360F ustuni yapman bishirmeli.

19 Mayıs 2010 Çarşamba

Kartoska salat

bu salady joralarmyn biri uysemizde edip getiripdi gowy gorup menem son oyde etdim.
Gerek atlar:
  • kartoska (islege gora)
  • petruska
  • gyzyl kelem
  • gatyk
  • sarymsak terkadan gecirlen
Kartoskany gaynadyp pure edin,duzlan. Sonam salat goyjak tabagynyza kartoska pureni yayradyn. Ustundenem sarymsakly gatyk guyun. In ustundenem gezeklesdirip mayda dogralan keem bilen petruska sepin.

Burunc salady

Bu saladyn receptini bu gun ne pisirsem siteden aldym. Bir tapawudy yasyl goroh gosmadym oz yanymdan gelisditmedim bu salada.
Gerek zatlar:
  • 1 stakan burunc
  • 3 nahar cemce osumlik yag
  • 1,5 stakandan biraz kop suw
  • 2-3 nahar cemce konserwa mekge
  • 2 sany gaynadylan we dogralan kasir
  • petrushka
  • yas sogan 3-4 sany (pucok dal)
  • duz
Burunji 30min duzly suwda goyup sonam 3 nahar cemce yag bilen bisirmeli(turk palaw yaly). Burunc bisip sowanson eyleki zatlar bilen garysdyryp yag  gosmalywe limon gysmaly.

Cagalar ucin oy kokesi(pryanik:))

Gerek zatlar:
1 stakan gatyk
1 cay cemce soda uksus bilen oldurlen
1/2 stakan seker
1 nahar cemce eredilen mesge
1 yumurtga
1/2 paket wanilin
un
Hemmesini garyp hamyr edip elimiz bilen bolejik hamyrlardan isledigimiz sekilde koke yasap 350F yuzi gyzaryanca bisiraymeli.

Peynirli makaron

Gerek zatlar:
  • makaron(mayda bolmasyn)
  • 2+1/4 stakan suyt
  • 1 stakan terkadan gecirlen kasar peynir
  • azajyk petruska
  • 1 kici sogan
  • 2 dis sarymsak terkadan gecirlen
  • 2,5 nahar cemce un
  • osumlik yag,garaburc,duz
Gazana suw alyp gaynadyn. Gaynap duran suwa makarony,duz we azajyk yag guyun makaron bir birne yelmesmez yaly. Basga bir gaba azajyk yag guyup sogan,sarymsak we unu goyup gowurun. Gowrulanson suydi gosup gaynayanca arasynda bulap durun. Suyt gaynanson 1 minut yaly bulasdyryp gazdan ayirin. Makaron bisenson suwuny suzup tayinlan soganly garysymyn yarsyny makarona gosup garysdyryn. Azajyk duz we garaburc,dogralan petruskany we kasar peynirinem yarsyny makarona gosup garysdyryn we yaglanan borjama guyup ustunden galan soganly garysymy we galan peyniri goyup 360F 7 minut yaly bisirin. Sonam duhowkan broil -ini isledip yenede 360F yuzi gyzaryanca bisirin. Broil-e gecirenizden son 2 minutda yuzi gyzaryar. Ishdaniz acyk bolsun.