26 Ağustos 2010 Perşembe

Un halwa

Gerek zatlar:                                                              Sirop
  • 125ml mesge                                               200ml seker
  • 1 stakan un                                                  1/2 stakan suw
  •                                                                     1/2 stakan suyt

Ilki bilen sirobyny tayinlamaly. Zatlary gaynayanca bulp durmaly, gaynanson oduny ocurip bir gyrada goymaly. Bir gazanda mesgani eredip uny gosmaly we acyk mele renk bolyanca bulap durmaly. Sonam tayinlan sirobynyzy gosmaly(gosan badynyza hamyr yaly bolar) we 1 minut yaly bulasdyryp gazanyn oduny ocurmeli. Halwa isledik sekilinizi brip tarelka cykarmaly(men kici bir gaba goyup yasadym)

Sugundyrly salat

Gerek zatlar:
  • 2 orta sugundyr
  • 2 orta kartoshka
  • 3 orta kasir
  • 1 kici sogan
  • mayonez
Sugundyry,kartoskany we kasir yuwup bisyanca gaynadyn. Sogany maydajyk dogran. Zatlar bisenson hersini ayratyn bir gaba terkan irisinden gecirin. Ginis bir tarelka ilki kartoskany yayradyp goyun we mayonez calyn. Son dogralan sogany ustune goyup yene mayonez calyn. Olan ustune kasiri yayradyp mayonezlan. In sonundada sugundyry yayradyp gowy hemme yerini yapar yaly mayonez calyp ustune degmejek bir gapak yapyp holdilnikde 1 gun goyun. Son serwis edibermeli.(pirog kesen yaly kesaymeli)

Turk palawy

Bu palawyn edilisini Oktay ustanyn sitesinden aldym.
Gerek zatlar:
  • 5 nahar cemce turk tel shehriye
  • 2 stakan burunc
  • mesge
  • gyzgyn suw
Tel sehriyeni podnosa goyup 350F gyzaryanca duhowkada goydum. Burunjin ustune azajyk duz sepelap gyzgyn suwda 15 minut goymaly. Gazanda mesgani eredip mesge eranson sowuk suwda gowy yuwulan(burunjin krahmaly gitmeli) burunji we sehriyeni gosup 2-3 minut yaly gowurmaly. Sonam burunjin ustne 1 cm cykjak sekilde gyzgyn suw guyup duzuny sazlamaly we suw gaynanson gazanyn asagynyn oduny hayaljak edip gapagyny yapyp goymaly. 20minut gecenson garysdyryp yene 5-10 minut bisirmeli. Sonam serwis edibermeli.

Gatyk corba

Gerek zatlar:
  • 1 turk cay bardagy burunc
  • 1 yumurtga
  • 20 nahar cemce dolusu gatyk
  • 500-700ml aralygynda gyzgyn suw
  • 1 nahar cemce un
  • mesge,gyzyl iri burc,duz,narpyz
Burunji yuwup bisyanca 3-4 cay bardagy suwda gaynadyn. Basga bir gazana yumurtgany,gatygy, uny goyup gowy garysdyryn we gowy garylanson odun ustune goyup bulap durun gaynayanca(gazanyn oduny gatyrak yakmaly). Gaynanson burunji gosun we azajyk gaynadyn,duzuny sazlan. Basga bir gapda mesgani eredip burc bilen narpyzy azajyk gowrun we gaynap duran gazana gosun 1 minut yaly bulasdyryp oduny ocurin.

Baklajan salat

Gerek zatlar:(4 adamlyk)
  • 2 baklajan
  • 2 gyzyl bolgar burc
  • 1 pomidor
  • 1/2 limon,zeytun yag,petrushka
Baklajanyn we bolgar burcun duybuni ayirip yuwun we guradyn. Sonam podnosa duzup 350F arasynda owrup yumsayanca bisirin. Bisensonlar daslaryny ayryp dogran we garysdyryn. Zeytun yag we limon suwuny gosun,azajyk duzlan. Pomidoram dograp garysdyryn we ustune dogralan petrushkany sepip serwis edin.

21 Ağustos 2010 Cumartesi

Sigara boregi

  • Gerek zatlar:
  • Phyllo doug yufka
  • 1/2 bogdak ysmanak
  • 1/2 orta sogan
  • 1/2 nahar cemce tomat pasta
  • duz,garaburc
  • gyzartmak ucin yag
Men azyrak etjek bolamson yufkan yarsyndanam azyragyny ulandym. Eger phyllo dough #4 ulanyan bolsanyz yufkany ika bolun sonam dikligine iki ucburcluga bolun.Ysmanagy yuwup maydarak dogramaly. Skoworodka azyrak yag guyup sogany dograp gowurmaly we ustune dogralan ysmanagy gosmaly. Ysmanak azajyk gowrulanson tomat pasta,duz,garaburc gosup suwuny cekyanca gowurmaly. Sonam yufkan gin tarapyna incejik edip icini goyup iki gyrasyny icine eplap saramaly. In ujuna gelenizde barmagynyzy suwa batyryp yufkan ujuna calyp birlesdirmeli. Hemmesini edeninizden son yagda gyzartmaly.

15 Ağustos 2010 Pazar

Iftar menyum

Salam gelinler,gyzlar we bloguma giryan basgalar. Hemmanizin orazalarnyz kabul bolsun. Bilsiniz yaly orazada her durli naharlar bisiresimiz gelyar, agzacarlar edilyar. Menem duyn ilki agzacarymy edip myhmanlarma uytgesigrak naharlar goyasym geldi we onem goyan naharlarymy azajyk ozumce uytgedip edip gordum we siz bilenem receptimi (hava yalnysh okamadynz oz receptimi sebabi hic yerden gormedim bilsime gora edip gordum) paylasym geldi. Suratlaram hemmesini dusurip bilmedim fotoapparatyn batareyi bitdi. Yene bir bisiremde goyaryn nesip bolsa. Menyumyzda kisir,somsa,baklajan nahary,yasyl merjimek corba,gyzyl kelemli salat.
Kisir
Gerek zatlar:
1 stakan koftelik bulgur
1 nahar cemce gury narpyz
4-5 sany yash sogan
1 pomidor
1 nahar cemce biber salca
1 turk cay kashigi kimyon
2 nahar cemce nar eshkisi
duz,gyzylburc
4-5 sany mayda soleniy hiyar
zeytun yag
2 stakan gaynag suw
petrushka
Bulguryn ustune yayradyp (bulguryn hemme yerine yetjek shekilde)gyzgyn suwy guyup 20 minut goymaly. Son skoworodka kisira gosjak zeytun yagynyzy guyup cishen bulgury gowurmaly orta otda 7 minut. Son bir gapdalda sowayanca goymaly. Bulgur sowap durka pomidoryn dasyny artyp terkan irisinden gecirip azajyk zeytun yagda gowumaly we bulguryn ustune guymaly. Biber salcanam gosup gowy elimiz bilen yada name bilen garyan bolsanyz garysdyrmaly. Yas sogan, soleniy hiyar,petrushkany mayda dograp goshmaly. Burc,narpyz,kimyon,nar ekshisi we duza gosup hemmesini gowy garmaly. Tagamy tursy bolsa gowy goryan bolsanyz nar ekshisini kopurak gosaymaly yada limonam sykyp bilersiniz.
Somsa
Bu sapar somsan etini sunk gaynadyp son etini dograp gosdum we seydenime okunmedim.
Gerek zatlar:
4 sany etlije sunk
2 orta kartoshka
1 uly sogan
garaburc,gyzylburc,duz
1/2 stakan suw
corek hamyry
Sunkleri gaynadyp etlerini ayryp dogradym.Kartoshka bilen soganam dograp ete gosdum. Duz,garaburc,gyzylburc we suwam gosup gowy gardym. Hamyr alanson yayip icini goyup somsa etdim we 375F duhowkada podnosa kopurak yag guyup bisirdim. (iki tarapyny owrup bisirdim sonda hemme yeri yaglanyp tamdyrda bisen yaly bolyar we bu yazan olceglemden ii uly somsa cykyar)
Baklajan nahary
Gerek zatlar:
bu nahary 8 adamlyk edipdim olcegler sona gora
4 uly baklajan
1/2 uly sogan
1,5 bolgar burc yasyl ajy dal
200g farsh
2 pomidor(bir uly,birem orta)
1 nahar cemce biber salca
1 stakan gyzgyn suw
duz,garaburc,gyzylburc
Baklajanlary alaja yaly artyp bitinligne yagda gyzartmaly eylesine beylesine owurup(doly bismesi hokman dal.dasy gyzarsa bolyar). Basga bir gapda yarym ay seklinde dogran sogan bilen bolgar burcunyzy gowurun yagda. Gowrulansonlar farshy gosun azajyk duz,garaburc,gyzyl burc sepin. Sonam dasyny artyp mayda dogran pomidorlarnyzy gosun we duzuny burcuny sazlap pomidorlar gowy yumsanson otdn ayirin. Baklajanlary bisirjek gabynyza gecirip(men iki uly borjam ulandym) ika bolun we her bolegin icinden 2-3 pycak bilen dilim edip(doly kesmeli dal) tayinlan icinizi hemmesine den yetjek sekilde baklajanlan ustune goyup cykyn. 1 stakan gyzgyn suwda biber salcany gowy eredip duz,garaburc gosup iki borjama hersine yarty stakan guyun we alyumin folga bilen yapyp 375F 1 sagat bisirin.
Yasyl merjimek corbasy
Gerek zatlar:
1 stakan yasyl merjimek
1 gysym farsh
1 kici sogan
1 orta kartoshka
narpyz,garaburc
1 nahar cemce tomat pasta
duz
Gazana azyrak zeytun yag guyup dogralan sogany gowurmaly. Sogan gowrulanson yuwulan merjimek bilen tomat pastanam we farsham gosup azajyk bulasdyryp gowurup suw guymaly(men buny orta boy gazanda bisirip yarsyna cenli suw guydum) Merjimek bsyanca hayaljak otda gaynap durmaly. Merjimek bisenson kartoskany maydarak dograp atmaly. Kartoskada bisenson duzuny sazlap narpyz bilen garaburc gosup 2-3 minut gaynadyp sondurmeli.(isleseniz farshy garaburc bilen garyshdyryp kicijik topjagazlar yasap kartoshka bilenem atyp bilersiniz)
Gyzyl kelemli salat
Gerek zatlar:
2 orta pomidor
1/4 orta gyzyl kelem
1/2 uly hiyar
5-6 sany yash sogan
1 nahar  cemce nar ekshisi
duz,zeytun yag
Zatlary dograp ustlerine duz sepip 5 minut goymaly(duz sepip garmaly dal). Sonam nar ekshisi bilen yagyny gosup gowy garmaly.