15 Ağustos 2010 Pazar

Iftar menyum

Salam gelinler,gyzlar we bloguma giryan basgalar. Hemmanizin orazalarnyz kabul bolsun. Bilsiniz yaly orazada her durli naharlar bisiresimiz gelyar, agzacarlar edilyar. Menem duyn ilki agzacarymy edip myhmanlarma uytgesigrak naharlar goyasym geldi we onem goyan naharlarymy azajyk ozumce uytgedip edip gordum we siz bilenem receptimi (hava yalnysh okamadynz oz receptimi sebabi hic yerden gormedim bilsime gora edip gordum) paylasym geldi. Suratlaram hemmesini dusurip bilmedim fotoapparatyn batareyi bitdi. Yene bir bisiremde goyaryn nesip bolsa. Menyumyzda kisir,somsa,baklajan nahary,yasyl merjimek corba,gyzyl kelemli salat.
Kisir
Gerek zatlar:
1 stakan koftelik bulgur
1 nahar cemce gury narpyz
4-5 sany yash sogan
1 pomidor
1 nahar cemce biber salca
1 turk cay kashigi kimyon
2 nahar cemce nar eshkisi
duz,gyzylburc
4-5 sany mayda soleniy hiyar
zeytun yag
2 stakan gaynag suw
petrushka
Bulguryn ustune yayradyp (bulguryn hemme yerine yetjek shekilde)gyzgyn suwy guyup 20 minut goymaly. Son skoworodka kisira gosjak zeytun yagynyzy guyup cishen bulgury gowurmaly orta otda 7 minut. Son bir gapdalda sowayanca goymaly. Bulgur sowap durka pomidoryn dasyny artyp terkan irisinden gecirip azajyk zeytun yagda gowumaly we bulguryn ustune guymaly. Biber salcanam gosup gowy elimiz bilen yada name bilen garyan bolsanyz garysdyrmaly. Yas sogan, soleniy hiyar,petrushkany mayda dograp goshmaly. Burc,narpyz,kimyon,nar ekshisi we duza gosup hemmesini gowy garmaly. Tagamy tursy bolsa gowy goryan bolsanyz nar ekshisini kopurak gosaymaly yada limonam sykyp bilersiniz.
Somsa
Bu sapar somsan etini sunk gaynadyp son etini dograp gosdum we seydenime okunmedim.
Gerek zatlar:
4 sany etlije sunk
2 orta kartoshka
1 uly sogan
garaburc,gyzylburc,duz
1/2 stakan suw
corek hamyry
Sunkleri gaynadyp etlerini ayryp dogradym.Kartoshka bilen soganam dograp ete gosdum. Duz,garaburc,gyzylburc we suwam gosup gowy gardym. Hamyr alanson yayip icini goyup somsa etdim we 375F duhowkada podnosa kopurak yag guyup bisirdim. (iki tarapyny owrup bisirdim sonda hemme yeri yaglanyp tamdyrda bisen yaly bolyar we bu yazan olceglemden ii uly somsa cykyar)
Baklajan nahary
Gerek zatlar:
bu nahary 8 adamlyk edipdim olcegler sona gora
4 uly baklajan
1/2 uly sogan
1,5 bolgar burc yasyl ajy dal
200g farsh
2 pomidor(bir uly,birem orta)
1 nahar cemce biber salca
1 stakan gyzgyn suw
duz,garaburc,gyzylburc
Baklajanlary alaja yaly artyp bitinligne yagda gyzartmaly eylesine beylesine owurup(doly bismesi hokman dal.dasy gyzarsa bolyar). Basga bir gapda yarym ay seklinde dogran sogan bilen bolgar burcunyzy gowurun yagda. Gowrulansonlar farshy gosun azajyk duz,garaburc,gyzyl burc sepin. Sonam dasyny artyp mayda dogran pomidorlarnyzy gosun we duzuny burcuny sazlap pomidorlar gowy yumsanson otdn ayirin. Baklajanlary bisirjek gabynyza gecirip(men iki uly borjam ulandym) ika bolun we her bolegin icinden 2-3 pycak bilen dilim edip(doly kesmeli dal) tayinlan icinizi hemmesine den yetjek sekilde baklajanlan ustune goyup cykyn. 1 stakan gyzgyn suwda biber salcany gowy eredip duz,garaburc gosup iki borjama hersine yarty stakan guyun we alyumin folga bilen yapyp 375F 1 sagat bisirin.
Yasyl merjimek corbasy
Gerek zatlar:
1 stakan yasyl merjimek
1 gysym farsh
1 kici sogan
1 orta kartoshka
narpyz,garaburc
1 nahar cemce tomat pasta
duz
Gazana azyrak zeytun yag guyup dogralan sogany gowurmaly. Sogan gowrulanson yuwulan merjimek bilen tomat pastanam we farsham gosup azajyk bulasdyryp gowurup suw guymaly(men buny orta boy gazanda bisirip yarsyna cenli suw guydum) Merjimek bsyanca hayaljak otda gaynap durmaly. Merjimek bisenson kartoskany maydarak dograp atmaly. Kartoskada bisenson duzuny sazlap narpyz bilen garaburc gosup 2-3 minut gaynadyp sondurmeli.(isleseniz farshy garaburc bilen garyshdyryp kicijik topjagazlar yasap kartoshka bilenem atyp bilersiniz)
Gyzyl kelemli salat
Gerek zatlar:
2 orta pomidor
1/4 orta gyzyl kelem
1/2 uly hiyar
5-6 sany yash sogan
1 nahar  cemce nar ekshisi
duz,zeytun yag
Zatlary dograp ustlerine duz sepip 5 minut goymaly(duz sepip garmaly dal). Sonam nar ekshisi bilen yagyny gosup gowy garmaly.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder