29 Ocak 2010 Cuma

Rulet baklawa

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000030190715
Gerek zatlar:
  • 1 phyllo dough
  • 250g mesge
  • 2 stakan owradylan manyz
Serbeti ucin:
  • 2+1/4 stakan seker
  • 2+1/4 stakan suw
  • 1/2 limonyn suwy
Serbbetini tayinlap sowadyn. Biraz soganson holodilnikde goyun. Iki yufkany yazyn we mesge calyn sonam biraz manyz sepisdirin. Son ustunden yene iki yufka goyup mesge calyp manyz sepin. Muny yene iki sapar gaytalan jemi 8 yufka bolmaly. Sonam uzyn tarapyndan rulet yaly dolap kesin we podonosa yada borjama duzup onunden gyzdyrlan 350F bisirin biraz gyzaryanca. Bisenson dasynda 10 minut saklap son sowuk serbeti guyun.

Kartoshka salady

Gerek zatlar:
  • 3-4 orta kartoshka
  • azajyk gyzyl kelem
  • limon suwy,duz,zeytunyag,gyzylburc,sumak
  • biraz yash sogan
Kartoshkany bisyanca gaynadyp irirak kubik edip dogran. Kelem,yas sogan we petrushkany dograp kartoshka bilen garyn. Son duz,gyzylburc,sumak,zeytunyag we limon suwy gosup garyshdyryn.

27 Ocak 2010 Çarşamba

Cig kofte

  • 1 stakan koftelik bulgur(4 adamlyk bolyar)
  • turk domates,biber salca
  • 1/2 bogdak yash sogan
  • 1/2 bogdak petrushka
  • 1 dish sarymsak
  • duz,garaburc,gyzylburc,limon suwy
Bulguryn ustune 2 stakan gaynag suw guyun we cisip yumsayanca garasyn. Son bulgur biraz sowasanson salcalary we isledik baharatlarnyzy gosun we hamyr yoguran yaly yogurun. Son sogan,petrushka we sarymsagy gosup yene yogurun. Sonam limon suwy gosup gowy garyshdyryp eliniz bilen kofte seklini berin.

Kartoshka corbasy

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000030332835
gerek zatlar:
  • 2 orta kartoshka kubik edip dogralan
  • 1 kici sogan mayda dogralan
  • 1 orta kasir mayda dogralan
  • 2 nahar cemce mesge
  • 1,5 nahar cemce un
  • 1 yasyl bolgar burc mayda dogralan
  • duz,garaburc,petrushka
  • 2 nahar cemce limonyn suwy
  • 1 nahar cemce terkadan gecirlen limonyn gabygy
Mesgede sogan,bolgar burc we kashiri gowurun. Gowrulansonlar kartoshkany gosup 4-5 minut yaly gowurun. Son uny gosun we 1 minut yaly garysdyryp sowuk suw guyun. Kartoska we kasir bisyanca gaynadyn. Duz we garaburcam gosun. In sonunda petrushka,limon suwu we limonyn terkadan gecirlen gabygny gosup 1 minut yaly gaynadyp gazanyn asagyny ocurun. Ishdaniz acyk bolsun.

Duzly kurabiye

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000029986694
Gerek zatlar:
  • 2 yumurtga(sarysy icine, agy yuzune)
  • 250 g margarin dasynda yumsan
  • 1 turk cay bardagi osumlik yag
  • 1 turk cay bardagy uksus
  • 1 cay cemcesi duz
  • 1 paket kabartma tozy
  • un
hemmesini garysdyryp ele elmesmeyan hamyr edin. Hamyrdan bolejikler alyp togalap alyumin folga yazylan podnosa duzun we yuzune ilki yumurtgan agyny sonam susam sepip 370F gyzaryanca bisirin.

Kartoshka borek

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000029986353
Gerek zatlar:
  • 5 orta kartoshka
  • 1,5 stakan gatyk
  • 4 yumurtga
  • 2 turk cay kashigi duz
  • 1 paket kabartma tozy
  • 2 stakan un
  • 1 sogan
  • 1 turk cay bardagi osumlik yag
  • garaburc,terkadan gecirlen kasar peynir
Kartoshkany gaynadyn we bisenson kubik edip dogran. Sogany dograp yagda gowurun bisyanca. Ayratyn bir gapda gatyk bilen yumurtgalary garyn. Son sol garysyma duz we garaburc gosun. Soganam sowanson gatykly garysyma gosup garysdyryn. Son kabartma toz bilen unu gosup garysdyryn. ONdan son kartoskany gosup garysdyryn we yaglanan borjama guyun. Yuzunede terkadan gecirlen kasar peynir sepip 350F bisirin. Ishdaniz acyk bolsun.

Ertirliklere dowam Omlet

Gerek zatlar:
  • 1/2 bogdak dogralan petrushka
  • 3 yumurtga
  • 2 nahar cemce un
  • 1 cay cemce duz
  • 3 yash sogan (bogdak dal) dogralan
Hemmesini garyp cemce bilen yagly skoworodka goyup eylesine beylesine owrup gyzardyn. Ishdaniz acyk bolsun.

Pogaca

Gerek zatlar:
  • 125g margarin dashynda yumsan
  • 1 stakan gatyk
  • 1/2 turk cay bardagi osumlik yag
  • 1 cay cemcesi duz
  • 3,5 stakan un
  • 1 paket kabartma tozy
  • 1 stakan owradylan beyaz peynir
  • 1/2 bogdak petrushka
  • 1 yumurtga (agy icine, sarysy yuzune)
Peynir,yumurtgan agy we dogralan petrushkany garyshdyryn. Galan zatlardan hamyr edin. Hamyrdan islan ululygynyzda bolekler alyp azajyk acyp ortasyna peynirli garishimi goyup pogaca seklinde gyralarny birlesdirin. Yuzune yumurtgan sarysyny calyp susam sepin we onunden 350F gyzdyrlan duhowkada 20-30 minut bisirin.

23 Ocak 2010 Cumartesi

Karnabahar corbasy

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000029986352
Gerek zatlar:
150g et dogralan(farsam bolyar)
karnabahar
1 kashir terkadan gecirlen
1 orta sogan dogralan
1 kartoshka irirak kubik edip dogralan
1 nahar cemce tomat pasta
garaburc,duz,yag
Gazana yag guyup eti gowurun. Et gowrulanson sogany gosun we gowurun. Soganam gowrulanson kashir,tomat pasta we kartoshkany gosun 1-2 minut yaly bulashdyryp karnabahary goshun we 2-3 minut yaly bulashdyryp gaynag suw guyun. Suw gazanyn icindaki zatlan yuzune 1cm yaly cyksa bolyar. Karnabahar we kartoshka bisenson duzuny sazlan we isleyanler garaburcam sepip biler. Ishdaniz acyk bolsun.

Ezogelin corbasi

Gerek zatlar:
1 stakan gyzyl merjimek
6 stakan suw
1 nahar cemce osumlik yag
1 nahar cemce un
2 dish sarymsak
1 nahar cemce tomat pasta
duz
Merjimegi yuwup bisyanca suwda gaynadyn we bisenson mikserlan. Basga bir gazanda osumlik yag bilen uny gowurmaly. Tomat pastany gosup garysdyrmaly we gazanyn asagyny ocurmeli. Azajyk sowasanson az azdan merjimegi gosmaly(eger goyurak bolsa azajyk suwam gosup bilersiniz)we gowy garyp gazanyn asagyny yakyp gaynatmaly orta otda.Gaynanson icine terkadan gecirlen sarymsagy we duz atmaly we 10 minut yaly gaynadyp ocurmeli. Ishdaniz acyk bolsun.

21 Ocak 2010 Perşembe

Wermishel palaw

Gerek zatlar:
150-200g et
1 orta sogan
2 orta kashir
1 paket wermishel(254g)
Wermisheli podnosa yayradyn we 350F duhowka salyn. 3-5 minut arasynda gyzaryar.Mele renk bolanson cikarin(duhowkada mele bolan badyna cykamaly gaty mele bolsada yanyk tagam bolyar son). Gazana eti dograp atyn we yagda gowurun. Eti azajyk duzlan. Et gowrulanson sogany dograp atyn. Soganam gowrulanson kashiri giyishdirip atyn we azajyk yumsayanca gowurun. Son gaynag suw guyun kashirden sahel gecsin we gaynanson duz atyp wermishelem guyun we wermishelin yuzune 1cm cikyanca aynag suw guyun. Duzuny sazlap gatyrak otda suwuny cekyanca gaynadyn. Arasynda bulap durmaly. Suwuny cekenson asagyny hayaljak  edip gapagyny 10 minut yapyp goymaly. 10 minut gecenson palawy agdaryp yene 10 minut basyryn. Sonam oduny ocurip serwis edin. Ishdaniz acyk bolsun.

19 Ocak 2010 Salı

Manyzly bulka

Gerek zatlar:
500g un
250ml suyt
75g mesge
2 cay cemce drozh
2 yumurtga
1/2 cay cemce duz
7-8 nahar cemce seker
1 paket vanilin
Ici ucin:
1-1,5 stakan owradylan hozun manyzy
arybal

Suydi yiladyn(gaty gyzgyn bolmaly dal) we sekerin yarsyny,duzun barsyny goshup garyshdyryn we drozhy gosun. Drozhy gosanynyzdan sonra 1-2 sapar cemce bilen garysdyryp 15 minutlap goyun. Ol arada pessejik otda mesgani eredin we eran mesga galan sekeri goshup garyshdyryn. Basga bir gapda 1yumurtga we 2-nji yumurtgan dina agyny(sarysyny bulkan yuzune ayiryas) garyshdyryp mesgan ustune guyun. Sonam yumurtgaly mesgeli garysym bilen basdaky drozhly garysymy garyn. Ondan son az azdan un gosum yumsak ele elmesmeyam hamyr edip basyryn 1 sagatlap. Yone sol bir sagadyn icinde hamyry iki gezek yumruklan(her 20 minutdan). Son hamyrdan bolek alyp yaymaly we suratdaky yaly kesip gyrasyna icini goyup dolamaly. Ici ucin manyz bilen baly garaymaly (balam manzy gowy ezer yaly gosmaly). Podnosa alyumin folga yazyp yaglamaly we bulkalary duzmeli. Sonam yumurtgan sarysy bilen azajyk suyt garyp bulkalan yuzune calmaly we yuzi gyzaryanca 400F bisirmeli.

18 Ocak 2010 Pazartesi

Dugun corbasy

Gerek zatlar:
2-3 sany etli sunk
7 nahar cemce gatyk
1/2 limon suwy
2 yumurtga
2 nahar cemce un
Sunkleri gaynadyn we eti bisenson cykaryp etlerini alyp maydalasdyryn. Sunk gaynan suwy bir gaba ayirin. Gazana gatyk,yumurtga,un we limon suwy alyp gaynayanca bulap durun.Gaynanson sunk gaynan suwam gosun. Olam gaynanson et atyn we 1-2 minut gaynadyp duzunam sazlap sondurun. Serwis edenizde garaburc sepip berin. Ishdaniz acyk bolsun.

Zharkoe

Gerek zatlar:
200g et
1 sogan
3 pomidor dashlari ayirlan
1 kashir
2-3 sany kartoshka
2 nahar cemce mayonez
smetana, kashar peynir
duz,burc

borcamyn duybuni yaglap kartoshkany solomka (palochka) edip dograp yayradyn. Kartoshkan ustunden kasiri terkadan gecirip yayradyn. Son sogany yarym ay seklnde dograp onam kasirin ustunden yayradyn. Son eti boleklere bolup. Eti goyanynyzdan son azajyk duzlan we burc sepin. In sonundada pomidorlary yarym ay seklinde dograp goyusdyryp cykyn we duzlan. Bir gapda terkadan gecirlen peyniri,mayonezi garyn. Sonam smetana gosun goyurak garysym bolanson pomidoryn ustunden yazyp cykyn we ustuni alyumin folga bilen yapyp 400F 1 sagat bisirin. Ishdaniz acyk bolsun.

11 Ocak 2010 Pazartesi

Wemishelli turk palavy

Gerek zatlar:
Azajyk wermishel duhowkada gyzardylan
1 stakan burunc
suw,yag
Wermisheli 1 gysym yaljagny podnosa goyup 350F duhowkada 3minut yaly goysanyz gyzarar. Yone arasynda seredip durun bolmasa derrew yanyar. Gazana azajyk yag guyup burunci yuwup atyn. 1-2 minut yaly bulashdytryp wermishelem goshun we suw guyun. Tapawudy yok sowuk,gyzgyn suw.Suw buruncin ustune 1.5 cm yaly cykmaly. Duzuny sazlan sonam orta otdan sahel pesrak edip gazanyn gapagyny yapyn. Burunc suwuny cekyanca bishirin. Suwuny cekenson barlap gorun burunc gatyrak bolsa yene azajyk suw guyup pes otda bisirin. Ishdaniz acyk bolsun.

Baklajanly nahar 1



Gerek zatlar:
1 uly baklajan
200g et yada farsh (men et ulandym)
1 orta sogan
2 pomidor dashlary ayirlan
Baklajanyn dasyny yuwup guradyn, duybunem ayirip podnosa goyup 350F duhowka salyn. Arasynda owurup durun. Baklajan doly yumsasyn. Eti mayda dograp yagda gowurun. Son sogany dograp gosun. Sogan gowrulandan son pmidorlary kubik edip dograp gosun we duzuny sazlan. Baklajan bisenson duhowkadan cykaryn we dasyny ayirip servis etjek tarelkanyza gecirin we wilka bilen basysdyryp tarelkan duybune yayradyn. Sonam pycak bilen kesishdirin son almak ansat bolar yaly. Azajyk duz sepishdirin.  Ortasyny bosh goyup baklajanyn gyrasyna tayinlan etinizi guyun. Ortasynada 1 stakan gatyga 1 dish sarymsagy terkadan gecirip goshun we sony guyun. Bu naharyn yanyndan turk ak palawyny etsen gowy bolyar. Ishdaniz acyk bolsun.

Kelem salat


Eger oynuzde tayin salat bar bolsa (bankalarda satylyan hiyar,kelem,ince burc salatlar)gutarandan son suwuny dokman gyzyl kelem we 1 gyzyl shugundyr dograp sol suwda goyup holodilnigie goyun. Iki gunden son tayin solenyy kelem salat bolyar.Yone kelemi suwa gora dogran. Suw kelemin yuzune cykyp durmaly.

10 Ocak 2010 Pazar

Kone zatdan taze zat


Gadyrly gelinler we gyzlar. Her kimin oyunde gerekmejek renkli kagyz we gatykdan yada smetanadan bosan gap bardyr. Solary zynman menin edisim yaly oye bezeg ucin gul we ilik yada inne tigir salynyan edip bilersiniz.

8 Ocak 2010 Cuma

Bolgar burc salady



Gerek zatlar:
3 gyzyl bolgar burc
1 dish sarymsak terkan maydasyndan gecirlen
osumlik yag, azajyk duz, 2-3 damja uksus
Bolgar burc yuwun  we duybuni ayirip podnosa goyun we duhowkany 350F yakyp duhowka salyn. Arasynda bolgar burclary eylesine beylesine owrushdirin.(doly yumsamaly bolgar burclar) 10-15 minutdan owurseniz bolyar. Son daslaryny ayirin ansatjak sypyrylmaly. Dasyny ayryp bolanynyzdan son sarymsak,yag duz we uksus gosup garysdyryn. Bu salady dine sol gun iyjeginizi tayinlasaniz gowy bolar sebabi ustunden 1 gun gecsede tagamy basdaky yaly bolanok.Bolgar burclaram podnosa goyanyzda daslary gury bolsun.

7 Ocak 2010 Perşembe

Ozbek somsasy



Gerek zatlar:
4 stakan un
1 stakan smetana
2 nahar cemce margarin yada mesge
1 yumurtga
450g farsh (men farsym yokdy eti maydajyk dogradym ve soganam gosdum maydajyk dograp)
duz,azajyk uksus
1/2 cay cemce soda
1 sogan mayda dogralan
1 yumurtgan sarysy yuzi ucin
Mesganiz dasynda durup yumsasa govy bolar. Mesgani eliniz bilen gysyshdyryp son yumurtga,smetana,duz,soda,uksus gosup govy garmaly. Ondan son un gosup hamyr etmeli. Hamyrdan bolekler alyp tegelek yayip ortasyna icini goyup ucburc seklinde yapyp yuzune yumurtgan sarysyny calmaly we 460F bisirmeli.Ici ucin et yada fars sogan bilen garyp azajyk suw,duz ,burc gosmaly. Somsany bisirenizde gyralarny gowja bir birine birlesdirip sol tarapy asakda bolmaly.
Podnosa oninden alyumin folga yazyp yaglan.

2 Ocak 2010 Cumartesi

Yashyl merjimekli erishte corbasy



Gerek zatlar:
2/3 stakan yashyl merjimek
1 stakan erishte
1 orta sogan
1 nahar cemce tomat pasta
gyzylburc,duz,osumlik yag, gury narpyz
      Yagda sogany mayda dograp gowurmaly. Sogan gowrulandan son tomat pastany, yuwulan merjimegi goshup biraz bulashdyryp suw goshmaly we merjimek bishyanca gaynatmaly. Merjimek bishenden son erishtani,duz, gyzylburc goshmaly. Erishte bishenden son narpyz sepmeli. Ishdaniz acyk bolsun.
Not: men tayin turk erishte ulanyan eger erishte yok bolsa 1 yumurtga+duz+1/2 stakan yili suwa hamyr edip unash yaly kesaymeli.

1 Ocak 2010 Cuma

Incirli keks

Gerek zatlar:
6 gury injir suwda yumshadylan we mayda dogralan
1 stakan owradylan hozun manzy
1 stakan seker
3 yumurtga
1 stakan un
1 paket kabartma tozy

serbeti ucin:
1,5 stakan suw
1 nahar cemce neskafe
1/2 stakan seker

muhallebi ucin:
2,5 nahar cemce nishasta(krahmal)
3 nahar cemce un
2 nahar cemce seker
1 litr suyt
50g mesge
 Keks ucin yumurtga bilen sekeri garmaly. Son un,manyz,kabartma tozy gosup garyshdyrmaly. In sonunda inciri goshup garyp 4 burc borcama boshadyp 320F bishirmeli. Keks bisyaka muhallebini tayinlamaly we muhallebi tayin bolanson basga bir gaba alyn we sogadyn. Azajyk sogasanson ustuni yapyp holodilnikde 10-15 min yaly goyun.Keks bishenson 3-4 minut garashyp serbetini guymaly(serbeti sowuk suwda kofe bilen sekeri eredaymeli). 5 minut gecenden son muhallebini keksin yuzune yayip holodolnikde 2-3 sagat goymaly.(holodilnikde goyanyzdada yuzuni yapsanyz muhallebin yuzi gatamaz yaly gowy bolyar)

Kashir salat

Gerek zatlar:
1 uly kashir terkan irisinden gecirlen
1 dish  sarymsak terkan maydasyndan gecirlen
2 nahar cemce gatyk
Kashiri arassalap terkan irisinden gecirin we azajyk yagda yumsayanca gowurun. Kashir sowanson sarymsagy we gatygy goshup garyshdyryn. Azajyk duzam sepip bilersiniz.

Randewu rus salady

Gerek zatlar:
1 pomidor
1 kici hiyar
yas sogan
3-4 sany marul yaprak
ak peynir
2-3 cemce konserwa mekge
3-4 sany cigdi ayirlan zeytun
duz,limon suw,yag


Pomidory,hiyary,sogany,maryl yapragy dogramaly we garmaly. Zeytunam dogramaly. Hemmesini garyp duz,yag, limon suw goshup garyshdyryp ustune peynir goyushdyrmaly.

Corek

Gerek zatlar:
men coregi corek bisirilyande hamyryny edip son duhowkada bisiryan. Eger hamyry elde etyan bolsanyz
2,5 stakan yili suw
2 cay cemce drozh
1,5 cay cemce duz
3 nahar cemce osumlik yag
un
Suwda drozh bilen duzy eredip hamyr edin we 1 sagat basyryn. Son suratdaky yaly eliniz bilen kicirak corekler yasap yuzune yumurtgan sarysyny calyn we suzam sepip 400F bishirin yuzi gyzaryanca.

Taze yil stolumdan receptler



Winigred salat:
1 gyzyl shugundyr
1 orta kartoshka
1 uly kashir
1 nahar cemce noyba
duz,osumlik yag, azajyk limon suw
Shugundyry,kashiri,kartoshkany bishyanca gaynadyn (men dashlaryny ayirman gaynadyan, son ayiryan) we bishensonlar kubik edip dogran. Eger gury noyba ulanyan bolsanyz noybanam bishyanca gaynadyn, konserwa bolsa goni salada suwuny suzup iki cemce goshaymaly. Hemmesini garyshdyryn azajyk osumlik yag,duz goshup garyshdyryn. Sonam azajyk limon gysyp gowy garyshdyryn. Saladynyz iyilmage tayin.:)


Shugundyr salat:
1 shugundyr
1 dish sarymsak
1 nahar cemce mayonez
3 nahar cemce gatyk
Shugundyry bishyanca gaynadyn. Son dashyny ayirip terkan irisinden gecirin. Sarymsagy artyp terkan maydaragyndan gecirip shugundyryn ustune goshun. Mayonez bilen gatygam goshup garyshdyryn. Salat tayin.


Ysmanakly tort:
3 yumurtga
1 turk cay bardagi osumlik yag
1 stakan seker
2 stakan un
2/3 stakan ysmanak yapragy
1 paket kabartma tozy
1 paket wanilin
Kremi ucin:
2 stakan suyt

2 nahar cemce un
2 nahar cemce seker
1 paket krem santi
Ilki bilen kremini tayinlap sowatmaly. Kremi ucin suyt,un, sekeri garyp gaynadyn(goyulasyanca bulap durmaly) we goyulasanson sowatmaly. Krem santini tayinlap sowan krem bilen garmaly we holodilnikde goymaly. Tort ucin onunden ysmanagy yuwup blenderde gowy maydalamaly stakana maydalan ysmanagynyzy guyanyzda 2/3 stakan bolmaly. Son duhowkany 350F yakyp goyun gyzyp dursun. Ilki yumurtga bilen sekeri agaryanca mikserde garmaly 3minut yaly. Son yag,kabartma tozy we wanilini goshup gowy garmaly. Ondan son uny az azdan goshun(men 2 stakandan sahelce un galdy baryny ulanmadym kek bishirenizde nahili goyulukda edyan bolsanyz sol goyuluga gelende un goshmanyzy bes edin) we mikserde gowy garyn. In sonunda ysmanagy goshup garyn we yaglanan orta boy ayna gaba (borcama) guyup 30-35 minut bishirin. Bishenden son 4 minut yaly dasynda dursun son podnos yaly ginishrak gaba keki cykaryp her gyrasyndan yukajyk kesip alyn. Son kekin ust yarsyny kesin we asaky galan yarsynyn ustune tayinlan kreminizi calyn galynja edip. Son kesip alan boleginizi ustune goyup tutus gyralary bilen galan kremi calyn. Ondan son kesip alan bolejiklernizi elinizde owradyp tortun yuzune sepishdirip holodilnikde goyun kremi donushyanca.

Yorum

Gadyrly "Ansat naharlar" blogumun okujylary we joralarym bloguma girenizde yorum yazmagyda unutmalyn. Menin naharlarym hakda edyan pikirlerinizi bilmek meni oran begendirer.

Wermishel corba

Gerek zatlar:
etli 2 sany sunk ya-da towugyn bir budam bolyar,ganatam
1 nahar cemce tomat pasta
2 nahar cemce un
wermishel 200g yaly
mesge,narpyz
Sunki gaynadyn eti gowy biship sunkden ansat sypyrylyanca. Suwa hic hili duz goshman. Sunk bishenson suwuny bir gaba ayirin. Sunkden eti ayirip maydarak dograshdyryn.Gazanda mesgani eredip uny azajyk gowurun. Tomat pastany goshun 30 sekund yaly bulashdyryp 1,5 stakan yaly sowuk suw guyun we bulan (bulanyzda kek zat edemizde elde bulanyan zat bilen bulasanyz gowy bolar un toplananok shonda). Suwunyz gaynanson ayryp goyan sunk gaynan suwunyzy goshun we gaynadyn. Gaynanson wermisheli we dograp goyan etinizi goshup duzuny sazlan naharyn. Wermishel bishenden son gury narpyz goshun(1-2 nahar cemcesi) we 30 sekund yaly gaynadyp gazanyn ashagyny ocurin we servis edin. Ishdaniz acyk bolsun.