31 Aralık 2009 Perşembe

Taze yil bayramynyz gutly bolsun!!! Taze gelyan 2010-njy yil sizin ucin hasam gowy we arzuwlarnyzyn hasyl bolyan yili bolsun.
Guljahan

21 Aralık 2009 Pazartesi

Sosiskaly grechka

Gerek zatlar:
1 bokal grechka (men ulurak cay bokalyny ulanyan)
1 kicirak bolgar burc mayda dogralan
1 orta sogan mayda dogralan
1 nahar cemce biber salca
4-5 sany sosiska

Grechkany yuwup gazana guyun we grechka alan bokalynyzda 2,5 bokal suw alyp grechkan ustunden guyun(suw sowuk) we duz atyp gazanyn gapagyny yapyn odunam orta otda goyun. Grechka suwuny cekyanca bishirin. Ayratyn bir gapda sogan bilen bolgar burcy yagda gowurun. Gowrulansonlar dogralan sosiskalary atyn we 5 minut yaly gowurun. Son biber salca we azajyk suw goshup garyshdyryn, duzuny atyn we gapagyny yapyp 5 minut yaly bishirip ocurin. Serwis tabagyna ilki grechka sonam sosiska goyup aberin.

Komelek corba

Gerek zatlar:
300g komelek mayda dogralan
2 nahar cemce mesge
4 nahar cemce un
1litr sowuk suw
1,5 stakan suyt
duz
Gazanda mesge bilen uny gowurmaly. Son suw goshmaly we gowy garyshdyrmaly. Suw gaynanson komelek bilen duz goshup 20 minut bishirmeli. Komelek bishenson suydi goshup gaynatmaly. Son garaburc bilen serwis edin.

Somsa

Gerek zatlar:
coreklik hamyr
400g et mayda dogralan
1 sogan mayda dogralan
1 kartoshka mayda dogralan
duz,garaburc

Coreklik hamyr edin(drozhly) we basyryn. Somsan icini tayinlap azajygam suw goshup garyshdyryn. Isleseniz yarimay sheklinde islesenizem menin yasayshim yaly ucburcluk sheklini berin we podnosa alyumin folga yazyp yaglan we 400F gyzaryancha bishirin.

Ysmanakly manty

Gerek zatlar:
350-400g ysmanak mayda dogralan
1 sogan mayda dogralan
duz,garaburch
hamyry ucin:
1,5 stakan suw
duz,hamyr bolyanca un

ysmanagy yuwup dogran. Sogany yagda gowurup gowrulanson gyzgynlygna ysmanagyn ustune guyup azajyk duz sepip gowy garyshdyryn(ysmanak yumshap suwy cykmaly). Garaburcam sepin. Hamyr edip bolejik alyp yayip suratdaky yaly kesishdirin, icini goyup bukushdirin. Skoworodkan duybune azajyk yag guyup mantylary duzun we azajyk mantylan ashagy gatashyanca gowurun orta otda sonam yarsyndan sahel gecyanca gaynag suw guyup azajyk duz sepun we skoworodkan agzyny yapyn. Skoworodkan suwy gutaryanca dursun mantylar, suwy cekilenson alyp gatyk bilen yada gatygyn ustunden mesgeredip icine gyzyl iri burc we narpyz sepip sony guyup bilersiniz. Ishdaniz achyk bolsun.

17 Aralık 2009 Perşembe

Gowurlan towuk

Gerek zatlar:
bu nahar ucin towugyn ganatynam, budunam ulanyp bilersiniz(haysy oyde bar bolsa :))
3 towuk ganaty yada budu
2 kartoshka
1 nahar cemcesi tomat pasta(1 stakan suw bilen suwuklandyrlan)
duz,garaburc
Skoworodka azyrak yag guyup towugyn ganatlarny,kartoshkany(irirak dogralan), suwuklandyrlan tomat pastany, duz we garaburc sepip orta otda gapagyny yapyp 1 sagatlap bishirin. Ishdaniz acyk bolsun.

Pirozhki

Gerek zatlar:
hamyry ucin:
men hamyry corek bishiryan mashynda etdim elde etjek bolsanyz
2 stakan suw
duz
1,5 cay cemce drozh
hamyr bolyanca un
ici ucin:
400g farsh
1 sogan mayda dogralan
petrushka mayda dogralan

1/2 stakan suyt
duz,garaburch

Hamyr edip iki essesi bolyancha basyryn. Ici ucin hemme zatlary garyshdyryn. Hamyrdan yumurtgadan kicirak bolekler alyp oklaw bilen yukacyk yayin we yarsyna icden goyup gyrasyny wilka bilen birleshdirin. Skoworodkan duybune azajyk yag guyun(yag kop bolmasyn son azaldygyca guyubermeli azajykdan) we pirozhkileri goyun bir tarapy gyzaranson eylesine owurup gyzaranson cykaryn (skoworodkan oduny orta otdan sahel pesirak etdim). Ishdaniz achyk bolsun.



16 Aralık 2009 Çarşamba

Ertirlik ucin sosiska

Gerek zatlar:
Sosiska 4 sany
1 nahar cemcesi turk biber salca
yag
Sosiskalary 3cm edip gesishdirip ka yerlerinden pycak durtushdirip yagda gowurun. Gowja gyzaransonlar biber salca goshup bulashdyryn salca hemme yerik yayrasyn. Gyzgynlygna serwis edin.

Ertirlik ucin ansat naharlar komelekli yumurtga

Gerek zatlar:
Komelek 300-400g
yumurtga 3-4 sany
osumlik yag
Komelegi maydajyk dograp bishyanca yagda duzlap gowurun. Bishensonlar yumurtgalary cakyn olaram duzlap garyshdyryn. Bishensonlar gyzgynlygna serwis edin.

Stolum joralarymy ertirlige chagyryar


Keta

Gerek zatlar:
200g mesge
3 stakan un
1 yumurtga
200g smetana(turshan gatyk bolsa gowsy)
1 cay cemce soda
Ici ucin:
1 stakan sheker
200g eredilen mesge
1-2 stakan un
Hamyry ucin mesgani dograshdyryp un bilen elinizde garyshdyryn. Son yumurtgany, smetanany we sodany goshup hamyr edin. Ici ucin eredilen mesge bilen shekeri garyn sonam az azdan un goshun(unyn baryny goshman,ici yagly yumsak bolmaly). Hamyry 4-e bolun we oklaw bilen yayin galynlygy 2mm bolyanca icine tayinlan icini yayradyp goyun we rulet edip dolan we 2cm aralykda kesishdirip podnosa gechirin. Galan hamyrlaram sheydin we 350F yuzi gyzaryancha bishirin.

Komelekli pizza

Gerek zatlar:
Hamyry ucin:
1 yumurtga
2,5 stakan un
0,5 turk cay bardagi osumlik yag
2 nahar cemce gatyk
0,5 turk cay  bardagi suyt yada suw
1 nahar camce drozh
1 cay cemce sheker
duz
Ustune:
2 nahar cemce ketcup yada 2 nahar cemce yag bilen suwuklandyrlan 1 nahar cemce tomat pasta
1 orta sogan mayda dogralan
2 pomidor kubik edip dogralan
komelek 300g (ak komelek)giyilan
1 bolgar burc mayda dogralan
cigdi ayirlan zeytun
peynir terkadan gecirlen
gara burc,duz

Suydi yada suwy gyzdyryp icine drozh we shekeri atyp 15 minut goymaly.(oz ozi ciser).Uny bir gaba guyup ortasyny howuz yaly acyp suydi, yumurtgany, gatygy, yagy, duzy goshup hamyr etmeli we iki essesi bolyanca basyrmaly. Hamyr alanson podnosa alyumin folga yazyp yaglan we hamyry goyup eliniz bilen basyshdyryp hamyry acyn. Hamyry acyp bolanyzson wilka bilen 10-15 yerinden durtup cykyn. Son ketcup yada tayinlan tomat pastany calyn. Son komelegi duzun, on ustunden sogan bilen bolgar burcy, sonam pomidor. Pomidor duzeninizden son duz,garaburc sepishdirin. Sonam zeytunlary goyushdyryn we onunden gyzdyrlan 380F duhowkada 20 min yaly bishirin (ustundaki zatlaryn bishmesine az galmaly). Sonam peyniri sepip yene peyniri ereyanca duhowka salyn. Ishdaniz acyk bolsun.

14 Aralık 2009 Pazartesi

Duhowkada ansat etli nahar

Gerek zatlar:
300g et
1 uly bolgar burc
2 kartoshka
1 sogan
4 pomidor(dashlary ayirlan)
duz,yag,garaburc
Eti, sogany,kartoshkany,bolgarburcy,kashiri dograp garyn. Duz,yag garaburc goshup bishirjek gabynyza guyun we ustuni alyumin folga bilen yapyp 380F 1 sagat acman bishirin.

Ysmanakly turk boregi

Gerek zatlar:
Sousy ucin:
50ml zeytun yag
2/3 stakan suyt
1/2 stakan suw
2 yumurtga
1 turk cay cemcesi duz

400g ysmanak
1/4 stakan owradylan ak peynir
1 sogan(mayda dogralan)
garaburc

Sogany azajyk yagda gowurup yuwlan ysmanagy gosun(ysmanak mayda yaprak bolsa dogramaly dal, iri yaprak bolsa 2-3 bolege bolaymeli) we suwuny cekyanca gowurun doly suwuny cekmaka garaburcam goshun. Son sowadyp sowanson peynnir goshup garyshdyryn. Podnosa alyumin folga yazyp yaglan we farsly borekdaki yaly yufkalary iki ikiden goyup arasynada sous calyn. Ortasyna yetenizde ysmanagy goyup yenede iki ikiden yufkalary goyup arasynada sous calyn. In ustuki yufka galan sousy guyup 350F yuzi gyzaryanca bisirin.

8 Aralık 2009 Salı

Farshly bulgur palaw


Gerek zatlar:

2 orta sogan
2-3 nahar chemche mesge(osumlik yag ulansanam bolyar)
2 nahar chemche tomat pasta
1 kartoshka
1 stakan bulgur
300g farsh
1 bolgar burch
2 pomidor
duz, suw, garaburch

Skoworodkada farshy, 1dogralan sogany, bolgarburchy gowurmaly. Biship baryakalar pomidorlaryn dashyny ayirip kubik edip dograp goshmaly. Shonda duz, garaburcham goshup bishyanceler gowurmaly. Gazana yag guyup sogany gowurun. Sogan gowrulanson kartoshka(kartoshkany irirak kuik edip dogramaly),tomat pasta goshup kartoshka gazanyn duybune yelmeship bashlayancha bulashdyryp bulgury yuwup goshun we 1-2 gezek bulashdyryp suw goshun(suw gaynag bolmaly). Suw bulguryn 1cm yaly ustune cikmaly we gaynadyn. Gaynap durka bulap durmaly. Bulgur suwuny doly cekmaka gazanyn ashagyny hayyalladyn we gapagyny yapyp goyun 15 minut. Son palawy bir gezek bulap yene gapagynyn yapyp basyryn 15 minut. Eger bulgur biraz bishmelidir oytseniz gazanyn gapagyny yapyp 5-10 min yene goyayin. Bishenden son tarelkan yarsyna palaw yarsynada farshy goyup serwis edin. Ishdaniz achyk bolsun.

5 Aralık 2009 Cumartesi

Duhowkada towuk budy




Gerek zatlar:
Towuk budy (isleginize gora men iki adamlyk 4 but ulandym)
1 uly sogan
2 kashir
2 kartoshka
3-4 dish sarymsak
1 limon
4 orta pomidor(dashlary ayirlan)
duz, osumlik yag, gyzyl iri burch, garaburch

Sogany, kartoshkany, kashiri artyp irirak dograshdyryn. Pomidory kubik edip dogran we hemmesini garyshdyryn. Sarymsagam dograp ustune goshun. Sonra duz, yag (3 nahar chemche), iri gyzyl burch, garaburch goshup gowy garyshdyryn. Bishirjek gabynyza towuk butlarny yuwup goyun we ustlerine limon gysyn (butlary owrushdirip hemme yerine gysmaly). Butlaryn ustunden tayin kartoshkany zady guyun. Ustuni alyumin folga bilen yapyp 380F 1,5 sagat hic hili ustuni achman bishirin.

Merjimek chorbasy


Gerek zatlar:

1orta boy sogan(mayda dogralan)
1 orta kartoshka (terkadan gechirlen)
1 uly kashir(terkadan gechirlen)
1 stakan merjimek
osumlik yag, duz, garaburch, narpyz
Gazana yagy guyup(yag goz chaky bilen kop guymaly dal) sogany gowurmaly. Sogan doly gowrulmanka kartoshka bilen kashiri goshup bile gowurmaly. Gazanyn duybune kashir, kartoshka yelmeship bashlanda merjimegi yuwup atyn we 1-3 gezek bulashdyryp gaynag suw guyun 5-6 stakan we gazan orta otda gaynap durar yaly edip sazlan. Merjimek yumshayancha gaynatmaly. Merjimek gowy bishenson duzuny sazlan. Sonra garaburch we narpyz (narpyz 1 -2 chay chemchesi) goshup mikserlan. Corbanyz goyurak gorunse mikserlemakaniz gaynag suw guyup 1-2 minut gaynadyn.

4 Aralık 2009 Cuma

Shekerpare


Gerek zatlar:

250ml mesge eredilen(yili)
1 stakan sheker pudrasy
2 yumurtga sarysy
1/3 stakan irmik
2 stakan un
1 chay chemche soda
22 sany pisse manyzy(yok bolsa hozun manzyny boleklere bolup goysanam bolyar)

Sherbeti:
2 stakan sheker
2 stakan suw
1/4 limonyn suwy

Ilki bilen sherbetini tayinlap sowadyn(suw bilen shekeri 10 minut gaynadyp limonyn suwuny goshmaly). Sherbet sowashanson holodilnikde dursa hasam gowsy. Mesge bilen sheker pudrany eliniz bilen garyn. Son yumurtga sarysyny goshup onam garyn. Ondan son irmik, soda, sonam uny goshup yumshak hamyr etmeli. Hamyry 15 minut klenka yaly bir zat bilen basyrmaly. Wagt gechenden son duhowkany 375F gyzdyryn, podnosa alyumin folga yazyn we hamyry eliniz bilen 22 bolege bolun. Elinizde togalaklap podnosa duzun we ustlerine manyzlary durtup chykyn. Yuzi melemtil bolyancha bishirin. Bishenson gyzgynka sowuk sherbeti guyun.



Yufka mantisi
















Gerek zatlar:
1 Phyllo dough#4
350g farsh
1 sogan (mayda dogralan)
garaburch,duz,azajyk petrushka (dogralan)
turk chay bardagi gatyk(suw bilen suwuklandyrlan)
turk chay bardagi osumlik yagy
mesge,narpyz

Farsh, petrushka bilen sogany gowy garyn,duz bilen garaburcham goshun. Iki sany yufkany alyn ilki gatyk sonam yag chalyn yuzune, gyrasyna etden goyup rulet yaly dolap podnosa goyun we ondan son kesishdirin. Yufkalar gutaryancha sheydip chykyn. (podnosa onunden alyumin folga goyup yaglamaly). Hemmesini podnosa goyup kesishdirenizson yuzlerne osumlik yag chalyp chykyn we 380F yuzleri gyzaryancha bishirin. Bishendon son sarymsakly gatyk guyun. Isleseniz gatygyn ustunden menin edishim yaly mesgani eredip ichine azajyk narpyz we iri gyzyl burch goshup 30cek yaly gowurup guyup bilersiniz. Ishdaniz achyk bolsun.

Rulet





























Gerek zatlar:
5 yumurtga
1 stakan un
1 stakan sheker
1/2 chay chemchesi soda (ustune azajyk uksus damdyrlan)
1/3 chay chemchesi duz



Yumurtgalary mikserde gowy garyn. Son shkeri goshun we garyn. Ondan son unam goshup mikserlan. Gowy garylanson galan zatlaram goshup garyn. Podnosa alyumin folga yazyp yaglan we garyshymy guyun. Gazyn ashagynam onunden 400F yakyp goyun. Yuzi gyzaranson chykaryp derrew bir yelmeshmejek zadyp ustune podnosy hazirjek bolup agdaryn we gyzgynlygna ruledin ichine name chaljak bolsanyz chalyp chykyn(men krem shanti ulandym, warenyada ulanyp bilersiniz) we dolan.