31 Mart 2010 Çarşamba

Lahmajun

gerek zatlar
hamyry ucin
  • 2 stakan un
  • 2  cay cemcesi duz
  • 1/2 cay cemce drozh
  • 1/2 cay cemce seker
  • 1/4 stakan yili suw
  • 150ml gatyk
Usti ucin
  • 2 orta pomidor
  • 1 orta sogan
  • 250g farsh
  • azajyk petruska
  • 2 uly dish sarymsak
  • 1 uly bolgar burc
Hamyry edip 30-40 minut yaly basyrmaly. Sogany,petrushkany,bolgar burcy mayda dograp sarymsagam terkan kicisinden gecirmeli. Pomidorlary dasyny ayryp kubik edip dograp hemmesini garyp duz burc sepmeli. Hamyrdan bolekler alyp yayip ustunede tayinlan garysymynyzy yayradyp(suratdaky yaly) 400F bisirmeli Hamyryn gyralary gyzaryp baslanson cykaraymaly dihowkadan. Sonam limon bilen serwis edin.
Not yokardaky olceglerden 7 sanysy cykyar koprak isleseniz hemme zadyn iki essesini gosayin.

Baklajanly we basga gok onumlerde gosulan duhowka nahary

Bu receptin originalyny joram Cynardan aldym. Yone men azajyk uytgetdim mysal ucin original reseptde kabacki yok men gosup etdim.
Gerek zatlar: (7 adamlyk)
  • 1 uly baklajan
  • 2 uzyn boyly yasyl bolgar burc
  • 350g et
  • 4-5 orta boyly kabacki
  • 1 orta sogan
  • 4 orta boy kartoska
  • 1 nahar cemce tomat pasta
  • 1 stakan suw
  • 3 pomidor
  • duz
Baklajany,kabackini dasyny artyp kubik edip dogramaly.Kartoskany solomka edip dogramaly. Bolgar burcam arassalap orta boy edip dograymaly. Eti naharlyk nahili dograyan bolsanyz sonun yaly dograymaly. Skoworodka yag guyup orta otdan sahel gatyrak edip baklajany,kabackani,kartoskany,bolgar burcy we eti azajyk gowurun. (men hemmesini yzly yzyna bir gapda gowrup cykdym).Doly biserine garasman sahel daslary gyzarandan cykarmaly. Cykaranyzdada bir suzguc yaly desik gabynyz bar bolsa asagyna tarelka goyup sona cykarayin suzulen yagy yzyna skoworodka guyubermeli. Hemme zady gowrup bolanynyzdan son bir ulurak gaba alyn we soganam dograp gosun. Pomidorlaram dasyny ayryp kubik edip dograp gosun we azajyk duzlap hemmesini garysdyryn. 1 stakan gyzgyn suwda tomat pastany gowy eredip duz sepin. Borjama eyleki garan zatlarnyzy yerlesdirip ustundenem tomatly suwy gezdirip cykyn we alyumin folga bilen yapyp 380F 1 sagat bisirin. Ishdaniz acyk bolsun.

Ansat pogaca

Gerek zatlar:
Men buna pogaca diymesem basga name at goyjagmy bilmedim gyssanan wagtym edyan.
Gerek zatlar:
1 Puff pastry sheets
azajyk ogradylan peynir
Puff pastry hem tayin hamyr icinde iki sany bolyar her hamyrdan 9 sany dortburcluklar kesisdirip icine peynir goyup gyralarnam barmagymy suwa batyryp gyrasyna calyp gyralarny birlesdiryan we yuzune yumurtga calyp onunden gyzdyrlan duhowkada yuzi gyzaryanca bisiryan.

Manyzly kurabiye

Gerek zatlar:
  • 250g dasynda yumsan mesge
  • 1 stakan seker pudra
  • 1 paket kabartma toz
  • 1 paket vanilin
  • 1/2 stakan yaly owradylan hozun manzy
  • un
  • 2 yumurtga
Gaba mesgani,sahar pudrany,vanilini,1 yumurtgany we 2-nji yumurtganam dine sarysyny goyup garysdyryn. Sonam kabartma toz,2 nahar cemce owradylan manyz we un gosup yumsak hamyr edin(uny az azdan hamyr bolyanca gosunermeli). Hamyrdan kici bolejikler alyp elinizde togalap ilki yumurtgan agyna sonam manza batyryp podnosa duzun we onunden gyzdyrlan 350F duhowkada gyzaryanca bisirin.

26 Mart 2010 Cuma

Kelemli corba

Gerek zatlar:
  • 1 gysym fars
  • 1 kasir terkadan gecirlen
  • 1 kici sogan dogralan
  • 1/4 kelem
  • 2 orta kartoska
  • duz,garaburc
Gazana azajyk yag guyup sogany gowurmaly. Sogan doly gowrulmanka farsy gosup 3 minut yaly gowurun. Ondan son kasiri gosun.2 minut yaly bulasdyryp dogralan kelemi we azajyk garaburc gosun we 5 minut bulasdyryp gowurun. Son kelemin yuzune 1cm yaly cykyanca suw guyup orta otda gaynadyn. Gaynanson dogralan kartoskanam atyp duzuny sazlan. Kelem we kartoska bisenson oduny ocurun.

Shishka corbasy

Bizin oymuzde bu corba mydama shishka diyerdik, son ucin basga name at goyjagymy bilmedim:)
Gerek zatlar:
  • 250g fars
  • 1 orta sogan
  • 1/3 stakan burunc
  • 1 nahar cemce tomat pasta
  • 2 orta kartoska
  • duz,garaburc,petruska
Burunji yuwup fars bilen garyn,duzlan we eliniz bilen kicirak topjagazlar yasap goyun. Gazana azajyk yag guyup(osumlik yag) sogany dograp gowurun. Sonra tomat pastanam gosup 1 minut yaly bulasdyryp suw guyun(suwu ozuniz nahilirak isleseniz). Suw gaynandan son yasan toplarnyzy we artylyp dogralan kartoskany gosun. Ondan son bisyancaler orta otda gaynap dursunlar. In sonundada duzuny sazlap petruska sepin we 1 minut yaly gaynadyp gazanyn asagyny ocurin. Isdaniz acyk bolsun.

Towuk kotledi

Gerek zatlar:
  • 1 towugyn dosi uwelen
  • 1 orta boy sogan mayda dogralan
duz,garaburc,yag,kimyon
Towugy uwap sogan bilen garyn. Son duz,garaburc,kimyon gosun. Elinizde kotlet yasap yagda gyzardyn. Yany bilen kartoska pure bisirip bilersiniz.

Kysyr

Gerek zatlar:
  • 1 stakan cig koftelik bulgur
  • 1 nahar cemce tomat pasta
  • 1 nahar cemce turk biber salca
  • 1 cay cemce kimyon
  • 4 yas sogan(bogdak dal)
  • 1 cay cemce gury narpyz
  • 2 nahar cemce nar eksisi
  • 1/2stakan zeytun yag
  • gyzyl burc,limon suwy,petruska
Bulguryn ustune 1,5 stakan gyzgyn suw guyup suwuny cekyanca orta otda gowurun. Suwuny cekenden son sowadyn. Sowanson tomat we biber salcalary gosup gowy garysdyryn. Sonra galan zatlaram gosup garysdyryn. Nar eksisini gosanynyzdan son tursulugu az bolsa limon suwy bilen sazlan.

19 Mart 2010 Cuma

Belyashi

Gerek zatlar:
Hamyry ucin:
  • 2 yumurtga
  • 1 stakan yili suyt(250ml)
  • 2 cay cemce drozh
  • 2 nahar cemce osumlik yag
  • un
  • 1,5 cay cemce duz
Ici ucin:
  • 400g farsh
  • 1 orta sogan mayda dogralan
  • duz,garaburc
  • 2 nahar cemce suw
Yili suytde drozh we duzu eredip yumurtga bilen garyn. Son az azdan un gosup ele elmesmeyan hamyr edin. Ondan son yagy gosup hamyra gowy sindirin. Hamyryn ustuni bir zat bilen yapyp 1 sagat basyryn. Ici ucin hemme zady garysdyryn. Son hamyrdan yumurtgan yarsy yaly bolejikler alyp suratdaky yaly yayin we 1 nahar cemce icini goyup hamyryn gyrasynda 1cm yer galjak sekilde icini yayradyp suratdaky yaly yapyn. Sonam yagda eylesine beylesine owurup gyzardyn(ilki acyk tarapyny gyzartmaly,ustuni).Ishdaniz acyk bolsun.
Yili suytde d

16 Mart 2010 Salı

Pudingli kek

Gerek zatlar:
  • 3 yumurtga
  • 1/2 stakan suyt
  • 1/2 stakan osumlik yag
  • 1 paket puding bisirilmedik
  • 2 stakan un
  • 1 stakan seker
  • 1 paket kabartma tozy
Yumurtga bilen sekeri agaryanca mikser bilen govy garmaly. Son suyt,yag we pudingi gosup garysdyrmaly. Ondan son kabartma toz bilen unu gosup garysdyryp yaglanan kek galyba guymaly(men kek galyby yaglamak ucin yag dalde yorite kekler ucin sepilyan Baker's joy ulanyan. Kek galybyna sepisdirip kegimi guyyan yelmesman ovy bisip bitinliginide ansatjak cykyar) we onunden gyzdyrlan 350F bisirmeli.

"Agsam" salady

Gerek zatlar:
  • 300g goynun bagry
  • 2 orta kartoska
  • 1 orta hiyar(uly bolsa yarsy)
  • 1 orta sogan
  • 2 yumurtga,duz,mayonez
Gazana suw guyup gaynadyn we gaynag suwa bagry atyp orta otda 18minut gaynadyn. Kartoska bilen yumurtganam hersini ayri gaplarda gaynadyn. Sogany mayda dograp ustune gaynag suw guyup goyun 10 minutlap son suwuny dokun. Bagry we hiyary kicirak solomka edip dogramaly. Yumurtgany terkadan gecirmeli. Kartoskany kubik edip dogramaly. Hemmesini garyp azajyk duz sepip mayonez gosmaly.

12 Mart 2010 Cuma

Kelemli pirozhki

Gerek zatlar:
  • 3 cay cemcesi drozh
  • 1000g un
  • 60g seker(6 nahar cemce)
  • 3 cay cemce duz
  • 250g mesge
  • 400ml gaynag suw
Ici ucin:
  • 4 yumurtga
  • 1 orta sogan
  • 30ml osumlik yag
  • 500g kelem
Hamyr etjek gabynyza undan birazrak guyun ve unun ustune sekeri,duzu we drozhy guyun. Basga bir gaba gaynag suwy guyup icine mesgani dograsdyryp atyn. Mesge eranden son eyleki unlu gabyn ustune guyup az azdanam un gosup pogacan hamyry yaly hamyr edin we yili yerde 1 sagat basyryn. Hamyr alyanca gazana suw alyp duz gosup gaynadyn we gaynap duran duzly suwa kelemi dograp atyn we 20minut orta otda gaynadyn. Basga bir gaba osumlik yagy guyup sogany dograp gowurun. Yumurtgalaram ayry bir gapda gaynadyn ve bisenson maydarak kubik edip dogran. Kelemin suwuny suzup icine 1 nahar cemce mesge gosun. Son sogabn bilen dogralan yumurtganam gosup garysdyryn. Hamyrdan bolek alyp elimiz bilen acyp icine 1,5 cay cemce icinden goyup pogaca yasaysimiz yaly yasamaly we podnosa duzmeli. Son hemmesinin yuzune yumurtga calyp onunden gyzdyrlan 350F yuzi gyzaryanca bisirmeli.

10 Mart 2010 Çarşamba

Jadyly torty

Oglum su gun iki yasady son doglan gunune etdim bu torty.
Gerek zatlar:
  • 6 yumurtga
  • 8 nahar cemce seker
  • 10 nahar cemce mayonez
1 banka goyaldylan suyt(sgusenka,moloko 380g) moloko bardakiler 396g son ucin gosanyzda duybunde iki cemce yaly goyup galanyny gosayin.
500-550g un(20-22 nahar cemce)
1 paket kabartma toz
Kremi ucin:
700g smetana(28 nahar cemce)
8 nahar cemce seker(200
Yumurtga bilen sekeri mikser bilen gowy garmaly. Son mayonezi gosup gowy garmaly. Ondan son molokony gosup garmaly. Sonam kabartma toz bilen uny gosup garyn. Uny az azdan gosun keginki yaly goyi bolmaly(hamyr bolmaly dal).Son tegelek yada dortburc borjamlary yaglap 1cm galynlykda edip guyun. (menki 1 uly borcam ve 1 orta borcam boldy) ve onunden 360F gyzdyrlan duhowkada bisirin 20-25 minut yaly. Kek bisyanca smetana bilen sekeri gowy garyp holodilnikde goyun. Kek bisenson azajyk garasyp yup bilen yada pycak bilen ika kesin keseligne(men yup bilen kesyan) ve servis tabagynyza bir bolegni alyp krem calyn we eyleki boleklerem ustune goyup hersinin arasyna krem calyn govy edip. In ustunede galan kremi calyp men kekin gyrasundan kesisdirip ownuklap sony sepdim ve kek bezelyan kremler bilen bezedim. Sokolady terkadan gecirip onam sepip bilersiniz inliscede diyilisi yaly it is up to you:).

3 Mart 2010 Çarşamba

Baklajan nahary yada imam bayildi

Gerek zatlar: 6 adamlyk
  • 3 uly baklajan
  • 2 stakan osumlik yagy
  • 1 uly sogan
  • 6 pomidor
  • 6-7 dis sarymsak
  • 3 incejik yasyl ajy burc
  • 2 nahar cemce zeytunyag
  • duz,garaburc,petruska
  • 1 limon suwy
Baklajany alaja artyp butunlugine 2 stakan yagda gyzardyn eylesine beylesine owurup(oduny ortadan biraz gaty etdim). Sogany ika bolup sonam eyleligne yarym halka edip dogran. Sarymsak bilen pomidoram dogran. Iki nahar cemce zeytun yag bilen gowurun. owrulansonlar duz,garaburc we petruska gosun.Baklajanlary ika bolup ustune gowuranynyzdan goyup onam ustune ajy burclary kesisdirip hersinin ustune iki bolejik goyup limon suwy sepip 380F 10-15 minut bisirin.

Lebeniye corbasy

gerek zatlar:
kotlet ucin
  • bir ayanyza sygyan fars
  • duz,garaburc
Corba ucin:
  • 1stakan gaynadylan nohut(men 1 konserva tayin ulandym)
  • 1/2 stakan burunc
  • 750ml gatyk
  • 1 yumurtga
  • 1 nahar cemce un
Ustune:
  • 2 nahar cemce mesge
  • 1 nahar cemce zeytunyag
  • 1 cay cemce narpyz
Kotlet ucin zatlary garyp nohut ululygynda toplar yasap holodilnikde goyun. Corba ucin gazana gatyk,un,yumurtga guyup govy garysdyryn ve biraz ulurak otda gaynayanca garysdyryp durun. Gaynanson gatykdan biraz az gyzgyn suw guyun ve burunc bilen nohudy atyn. Burunc bisyanca orta otda garysdyryp gaynadyn ve burunc bisenson ocurun. Yasan toplarnyzy 2 nahar cemce osumlik yagda gyzardyn. Corban serwis edilmesine 30 minut galanda corban asagyny tazeden yakyp toplary atyn, duzuny sazlan. Ayratyn mesgani eredip zeytunyag bilen narpyzam gosup garysdyryn ve corba gosun.

Hasanpasa kotleti ve kartoska toplary

8 adamlyk
Gerek zatlar:
  • 750g fars
  • 1 orta sogan
  • 2 yumurtga
  • coregin ici
  • duz,garaburc
Pure ucin:
  • 5-6 orta kartoska(men iki ulusyny ulandym)
  • 2 nahar cemce mesge
  • 1 yumurtga
  • 1/2 stakan suyt
  • duz
  1. Kartoskany gaynadyp pure edin. Mesgani eredip ustune guyup garysdyryn. Yumurtga bilen suydem govy garysdyryp onam kartoska gosup garysdyryn. Kotledin zatlaryny garysdyryp ortasy cukurjyk kotletler yasap podnosa yada borjama duzun. Ustune 2 nahar cemce osumlik yag gezdirip 380F 15-20minut yaly bisirin. Ustune pure guyup 1 nahar cemce tomat pastany suwda ezip ustune guyun ve gyzaryanca bisirin.
Menin kartoska puremden artanson suratdaky yaly toplar etdim(daslarna kasir,petruska ve sumak ulandym)