31 Mart 2010 Çarşamba

Baklajanly we basga gok onumlerde gosulan duhowka nahary

Bu receptin originalyny joram Cynardan aldym. Yone men azajyk uytgetdim mysal ucin original reseptde kabacki yok men gosup etdim.
Gerek zatlar: (7 adamlyk)
  • 1 uly baklajan
  • 2 uzyn boyly yasyl bolgar burc
  • 350g et
  • 4-5 orta boyly kabacki
  • 1 orta sogan
  • 4 orta boy kartoska
  • 1 nahar cemce tomat pasta
  • 1 stakan suw
  • 3 pomidor
  • duz
Baklajany,kabackini dasyny artyp kubik edip dogramaly.Kartoskany solomka edip dogramaly. Bolgar burcam arassalap orta boy edip dograymaly. Eti naharlyk nahili dograyan bolsanyz sonun yaly dograymaly. Skoworodka yag guyup orta otdan sahel gatyrak edip baklajany,kabackani,kartoskany,bolgar burcy we eti azajyk gowurun. (men hemmesini yzly yzyna bir gapda gowrup cykdym).Doly biserine garasman sahel daslary gyzarandan cykarmaly. Cykaranyzdada bir suzguc yaly desik gabynyz bar bolsa asagyna tarelka goyup sona cykarayin suzulen yagy yzyna skoworodka guyubermeli. Hemme zady gowrup bolanynyzdan son bir ulurak gaba alyn we soganam dograp gosun. Pomidorlaram dasyny ayryp kubik edip dograp gosun we azajyk duzlap hemmesini garysdyryn. 1 stakan gyzgyn suwda tomat pastany gowy eredip duz sepin. Borjama eyleki garan zatlarnyzy yerlesdirip ustundenem tomatly suwy gezdirip cykyn we alyumin folga bilen yapyp 380F 1 sagat bisirin. Ishdaniz acyk bolsun.

Hiç yorum yok:

Yorum Gönder