15 Aralık 2010 Çarşamba

Yashil,gyzyl merjimek corbasy

  • Gerek zatlar:
  • yasyl merjimek (cak bilen aldym olcemedim)
  • gyzyl merjimek
  • 1 kici sogan
  • 1 kartoska uly
Sogany maydarak dogramaly. Kartoskany terkan irisinden gecirmeli. Merjimekleri yuwmaly. Gazana osumlik yag guyup sogany gowurmaly. Son kartoskany goshmaly. Azajyk garyshdyryp merjimekleri goshmaly we 1 minut yaly garshdyryp suw guymaly(men yili suw guydum). Suw hemme zadyn ustune iki barmak yaly cykyanca guydum. Gaty otda gaynayanca garasyp sonam gazanyn asagyny hayaljak edip merjimekler bisyanca gaynatmaly gazanyn gapagyny calaja acyp. Merjimekler bisenson corban goyulygny ozunize gora sazlap gara burc,duz,kimyon we narpyz gosup blenderden gecirmeli.

10 Aralık 2010 Cuma

Kartoshkaly pirozhki

Gerek zatlar:(10 adamlyk)



1000g gatyk

4 yumurtga

2 paket kabartma tozu

4 nahar cemce smetana

duz,un

Ici ucin:



10 sany kartoshka(ululy kicili)

150g farsh

1 sogan

Kartoshkalary artyp boleklere bolup duzly suwda bisyanca gaynadyn. Bisenson suwuny dokup(bar suwuny dal azyrak goyun) pure etmeli. Basga bir gapda sogany dograp farsh bilen gowurmaly,duzlamaly. Sonam kartoshka pure bilen garyp duz,garaburc sepmeli we agzyny yapyp sowamaga goymaly. Hamyry ucin men dasyny okaman alypdyryn gatygy(oydede gutarypdy:) seker garylan suyji gatyk alypdyryn yone hamyrda tagamy bildirmedi son ucin ozuniz haysy gatygy gosasynyz gelse gosayin. Gatygy,yumurtgany,smetanany,duzy gowy garmaly. Sonam kabartma toz bilen uny gosup ele yelmesmeyan hamyr etmeli. Hamyry edip bolanynyzdan son ustune klenka yaly bir zat bilen yapip 30 minut goyun. Sonam hamyrdan kicijik bolejikler alyp azajyk yayin(yaninizda un bolsun sebabi hamyr yelmesyan hamyr bolyar) we icini goyup iki gyrasyny ortada birlesdirip ilki birlesdirlen tarapyny sonam eyleki tarapyny yagda gyzardyn.

Ezogelin corbasy

Gerek zatlar :(10 adamlyk)

3 nahar cemce gyzyl merjimek
3 nahar cemce palavlyk bulgur
3 nahar cemce burunc
1 nahar cemce un
2 nahar cemce wermishel (tel shehriye)
1 nahar cemce tomat pasta
1 kici sogan
duz,suw,narpyz,garaburc

Bulgury,burunji,merjimegi hersini ayry gapda bisyanca gaynatmaly. Gazana azyrak mesge goyun we mesge eranson osumlik yag bilen dogralan sogany gosun we gowurun. Sogan gowrulanson uny gosun. Azajyk gowuranynyzdan son wermisheli gosun we 3-4 minut yaly bulasdyryp, tomat pasta bilen narpyzam gosun we gowurun sonam azyrak sowuk suw guyun. Suw gaynandan son burunji,merjimegi,bulgury gaynan suwlary bilen guyun. (suwlary gaty kop bolsa baryny guyman). Zatlary gosup suwuny sazlan goyurak bolsa sonam gaynadyn. Gaynandan son garaburc bilen duz gosun

Miweli ansat tatli

Gerek zatlar(orta boy borjamlyk)



2 banan

7 sany klubnika(2-si uly,galany orta boyly)

2 kiwi

1 pk ulker koke (uly paketdaki kokelen yekeje paketi)

krem shanti

Bananlary tegelek giyishdirmaly,kiwi bilen klubnikany maydarak dorgashdyrmaly. Bir gaba kokeleri eliniz bilen owradyp(maydalamak hokman dal) hemme owradan kokelerniz eziljek shekilde krem santi gosun we eliniz bilen garysdyryn. Sonam miweleri gosup garysdyryn we borjama gecirip borjamyn ustuni alyumin folga yada paket bilen yapyp holodilnikde edil buzlugyn asagyndaky polkoda goyun

Salmon balygy

Gerek zatlar:


salmon balygy

gara burc

duz

paprica(ajy dal gyzyl mayda burca menzesh)

mesge

Balygy boleklap her bolegi alyumin folgan ustune gecirin(alyumin folgany her bolek ucin ayratyn bolmeli we balyklary dolamak ucin yetmeli) we eredilem mesge calyn, son ustune duz,gara burc we paprika sepip folgany dolan we podnosa goyun. Hemme bolekleri dolap bolanynyzdan son 350F 30 minut yaly bisirin. Sonam folgalary acyp (balyklary yone folgadan ayirman)duhowkany broil edip 2 minut yaly bisirin. Sonam yanindan ak palaw bisirip serwis edin

26 Ağustos 2010 Perşembe

Un halwa

Gerek zatlar:                                                              Sirop
  • 125ml mesge                                               200ml seker
  • 1 stakan un                                                  1/2 stakan suw
  •                                                                     1/2 stakan suyt

Ilki bilen sirobyny tayinlamaly. Zatlary gaynayanca bulp durmaly, gaynanson oduny ocurip bir gyrada goymaly. Bir gazanda mesgani eredip uny gosmaly we acyk mele renk bolyanca bulap durmaly. Sonam tayinlan sirobynyzy gosmaly(gosan badynyza hamyr yaly bolar) we 1 minut yaly bulasdyryp gazanyn oduny ocurmeli. Halwa isledik sekilinizi brip tarelka cykarmaly(men kici bir gaba goyup yasadym)

Sugundyrly salat

Gerek zatlar:
  • 2 orta sugundyr
  • 2 orta kartoshka
  • 3 orta kasir
  • 1 kici sogan
  • mayonez
Sugundyry,kartoskany we kasir yuwup bisyanca gaynadyn. Sogany maydajyk dogran. Zatlar bisenson hersini ayratyn bir gaba terkan irisinden gecirin. Ginis bir tarelka ilki kartoskany yayradyp goyun we mayonez calyn. Son dogralan sogany ustune goyup yene mayonez calyn. Olan ustune kasiri yayradyp mayonezlan. In sonundada sugundyry yayradyp gowy hemme yerini yapar yaly mayonez calyp ustune degmejek bir gapak yapyp holdilnikde 1 gun goyun. Son serwis edibermeli.(pirog kesen yaly kesaymeli)

Turk palawy

Bu palawyn edilisini Oktay ustanyn sitesinden aldym.
Gerek zatlar:
  • 5 nahar cemce turk tel shehriye
  • 2 stakan burunc
  • mesge
  • gyzgyn suw
Tel sehriyeni podnosa goyup 350F gyzaryanca duhowkada goydum. Burunjin ustune azajyk duz sepelap gyzgyn suwda 15 minut goymaly. Gazanda mesgani eredip mesge eranson sowuk suwda gowy yuwulan(burunjin krahmaly gitmeli) burunji we sehriyeni gosup 2-3 minut yaly gowurmaly. Sonam burunjin ustne 1 cm cykjak sekilde gyzgyn suw guyup duzuny sazlamaly we suw gaynanson gazanyn asagynyn oduny hayaljak edip gapagyny yapyp goymaly. 20minut gecenson garysdyryp yene 5-10 minut bisirmeli. Sonam serwis edibermeli.

Gatyk corba

Gerek zatlar:
  • 1 turk cay bardagy burunc
  • 1 yumurtga
  • 20 nahar cemce dolusu gatyk
  • 500-700ml aralygynda gyzgyn suw
  • 1 nahar cemce un
  • mesge,gyzyl iri burc,duz,narpyz
Burunji yuwup bisyanca 3-4 cay bardagy suwda gaynadyn. Basga bir gazana yumurtgany,gatygy, uny goyup gowy garysdyryn we gowy garylanson odun ustune goyup bulap durun gaynayanca(gazanyn oduny gatyrak yakmaly). Gaynanson burunji gosun we azajyk gaynadyn,duzuny sazlan. Basga bir gapda mesgani eredip burc bilen narpyzy azajyk gowrun we gaynap duran gazana gosun 1 minut yaly bulasdyryp oduny ocurin.

Baklajan salat

Gerek zatlar:(4 adamlyk)
  • 2 baklajan
  • 2 gyzyl bolgar burc
  • 1 pomidor
  • 1/2 limon,zeytun yag,petrushka
Baklajanyn we bolgar burcun duybuni ayirip yuwun we guradyn. Sonam podnosa duzup 350F arasynda owrup yumsayanca bisirin. Bisensonlar daslaryny ayryp dogran we garysdyryn. Zeytun yag we limon suwuny gosun,azajyk duzlan. Pomidoram dograp garysdyryn we ustune dogralan petrushkany sepip serwis edin.

21 Ağustos 2010 Cumartesi

Sigara boregi

  • Gerek zatlar:
  • Phyllo doug yufka
  • 1/2 bogdak ysmanak
  • 1/2 orta sogan
  • 1/2 nahar cemce tomat pasta
  • duz,garaburc
  • gyzartmak ucin yag
Men azyrak etjek bolamson yufkan yarsyndanam azyragyny ulandym. Eger phyllo dough #4 ulanyan bolsanyz yufkany ika bolun sonam dikligine iki ucburcluga bolun.Ysmanagy yuwup maydarak dogramaly. Skoworodka azyrak yag guyup sogany dograp gowurmaly we ustune dogralan ysmanagy gosmaly. Ysmanak azajyk gowrulanson tomat pasta,duz,garaburc gosup suwuny cekyanca gowurmaly. Sonam yufkan gin tarapyna incejik edip icini goyup iki gyrasyny icine eplap saramaly. In ujuna gelenizde barmagynyzy suwa batyryp yufkan ujuna calyp birlesdirmeli. Hemmesini edeninizden son yagda gyzartmaly.

15 Ağustos 2010 Pazar

Iftar menyum

Salam gelinler,gyzlar we bloguma giryan basgalar. Hemmanizin orazalarnyz kabul bolsun. Bilsiniz yaly orazada her durli naharlar bisiresimiz gelyar, agzacarlar edilyar. Menem duyn ilki agzacarymy edip myhmanlarma uytgesigrak naharlar goyasym geldi we onem goyan naharlarymy azajyk ozumce uytgedip edip gordum we siz bilenem receptimi (hava yalnysh okamadynz oz receptimi sebabi hic yerden gormedim bilsime gora edip gordum) paylasym geldi. Suratlaram hemmesini dusurip bilmedim fotoapparatyn batareyi bitdi. Yene bir bisiremde goyaryn nesip bolsa. Menyumyzda kisir,somsa,baklajan nahary,yasyl merjimek corba,gyzyl kelemli salat.
Kisir
Gerek zatlar:
1 stakan koftelik bulgur
1 nahar cemce gury narpyz
4-5 sany yash sogan
1 pomidor
1 nahar cemce biber salca
1 turk cay kashigi kimyon
2 nahar cemce nar eshkisi
duz,gyzylburc
4-5 sany mayda soleniy hiyar
zeytun yag
2 stakan gaynag suw
petrushka
Bulguryn ustune yayradyp (bulguryn hemme yerine yetjek shekilde)gyzgyn suwy guyup 20 minut goymaly. Son skoworodka kisira gosjak zeytun yagynyzy guyup cishen bulgury gowurmaly orta otda 7 minut. Son bir gapdalda sowayanca goymaly. Bulgur sowap durka pomidoryn dasyny artyp terkan irisinden gecirip azajyk zeytun yagda gowumaly we bulguryn ustune guymaly. Biber salcanam gosup gowy elimiz bilen yada name bilen garyan bolsanyz garysdyrmaly. Yas sogan, soleniy hiyar,petrushkany mayda dograp goshmaly. Burc,narpyz,kimyon,nar ekshisi we duza gosup hemmesini gowy garmaly. Tagamy tursy bolsa gowy goryan bolsanyz nar ekshisini kopurak gosaymaly yada limonam sykyp bilersiniz.
Somsa
Bu sapar somsan etini sunk gaynadyp son etini dograp gosdum we seydenime okunmedim.
Gerek zatlar:
4 sany etlije sunk
2 orta kartoshka
1 uly sogan
garaburc,gyzylburc,duz
1/2 stakan suw
corek hamyry
Sunkleri gaynadyp etlerini ayryp dogradym.Kartoshka bilen soganam dograp ete gosdum. Duz,garaburc,gyzylburc we suwam gosup gowy gardym. Hamyr alanson yayip icini goyup somsa etdim we 375F duhowkada podnosa kopurak yag guyup bisirdim. (iki tarapyny owrup bisirdim sonda hemme yeri yaglanyp tamdyrda bisen yaly bolyar we bu yazan olceglemden ii uly somsa cykyar)
Baklajan nahary
Gerek zatlar:
bu nahary 8 adamlyk edipdim olcegler sona gora
4 uly baklajan
1/2 uly sogan
1,5 bolgar burc yasyl ajy dal
200g farsh
2 pomidor(bir uly,birem orta)
1 nahar cemce biber salca
1 stakan gyzgyn suw
duz,garaburc,gyzylburc
Baklajanlary alaja yaly artyp bitinligne yagda gyzartmaly eylesine beylesine owurup(doly bismesi hokman dal.dasy gyzarsa bolyar). Basga bir gapda yarym ay seklinde dogran sogan bilen bolgar burcunyzy gowurun yagda. Gowrulansonlar farshy gosun azajyk duz,garaburc,gyzyl burc sepin. Sonam dasyny artyp mayda dogran pomidorlarnyzy gosun we duzuny burcuny sazlap pomidorlar gowy yumsanson otdn ayirin. Baklajanlary bisirjek gabynyza gecirip(men iki uly borjam ulandym) ika bolun we her bolegin icinden 2-3 pycak bilen dilim edip(doly kesmeli dal) tayinlan icinizi hemmesine den yetjek sekilde baklajanlan ustune goyup cykyn. 1 stakan gyzgyn suwda biber salcany gowy eredip duz,garaburc gosup iki borjama hersine yarty stakan guyun we alyumin folga bilen yapyp 375F 1 sagat bisirin.
Yasyl merjimek corbasy
Gerek zatlar:
1 stakan yasyl merjimek
1 gysym farsh
1 kici sogan
1 orta kartoshka
narpyz,garaburc
1 nahar cemce tomat pasta
duz
Gazana azyrak zeytun yag guyup dogralan sogany gowurmaly. Sogan gowrulanson yuwulan merjimek bilen tomat pastanam we farsham gosup azajyk bulasdyryp gowurup suw guymaly(men buny orta boy gazanda bisirip yarsyna cenli suw guydum) Merjimek bsyanca hayaljak otda gaynap durmaly. Merjimek bisenson kartoskany maydarak dograp atmaly. Kartoskada bisenson duzuny sazlap narpyz bilen garaburc gosup 2-3 minut gaynadyp sondurmeli.(isleseniz farshy garaburc bilen garyshdyryp kicijik topjagazlar yasap kartoshka bilenem atyp bilersiniz)
Gyzyl kelemli salat
Gerek zatlar:
2 orta pomidor
1/4 orta gyzyl kelem
1/2 uly hiyar
5-6 sany yash sogan
1 nahar  cemce nar ekshisi
duz,zeytun yag
Zatlary dograp ustlerine duz sepip 5 minut goymaly(duz sepip garmaly dal). Sonam nar ekshisi bilen yagyny gosup gowy garmaly.

22 Temmuz 2010 Perşembe

Yene bir duhowka nahary

  • Gerek zatlar:
  • 3-4 sany etli sunk (gowy gaynadylan we eti alnyp maydalanan)
  • 2 kabacki
  • 1 baklajan
  • 3-4 sany orta kartoshka
  • 1,5 nahar cemce tomat pasta
  • 1/2 stakan gyzgyn suw
  • duz,garaburc
Kabackini,baklajany,kartoskany artyp tegeleklap giyip yagda gyzartmaly. Yagyny suzdurmeli. Nahar bisirjek borjama ilki baklajany,son kabackini, sonam kartoskany duzup cykmaly. Olan ustundenem eti yayradyp goyup tomat pastanam suwda eredip sol suwa duz bilen garaburcam gosup gowy garmaly we etin ustunden guyup cykmaly. Sonam borjamy alyumn folga bilen yapyp 380F 4 min yaly bisirmeli. Sonam folgany ayirip yene 10 min bisirmeli. Duhowkany ocurip borjamy yene alyumin folga bilen yapyp 15min yaly ocurlen duhowkan icinde goymaly. Ishdaniz acyk bolsun.

29 Mayıs 2010 Cumartesi

Baklajanly borek

Gerek zatlar:
Bu boregin dine ici uytgesik galan zady onki borekler yaly
1 baklajan
1 kici sogan
1bolgar burc
2 pomidor
Baklajany artyp maydajyk dogramaly. Eyleki zatlaram maydajyk dograp hemmesini gowrup duz garaburc sepip bisirmeli. Boregin sousy ucinem oyde bar zatlary ulandym azajyk gatyk,smetana,cal,1 yumurtga,zeytunyag.

Medowik

Gerek zatlar:
hamyry ucin:
  • 2 yumurtga
  • 2 nahar cemce suwuk ary bal
  • 1 cay cemce soda
  • 1 stakan seker
  • 125g margarin yada mesge
  • 3,5-3 stakan un
Kremi ucin:
  • 1konserwa sgushenka
  • 200g mesge
Chaynege yada gazan yal bir gaba suw alyp gaynatmaly. Suw gaynanson gabyn gapagyny ayryp suwly gabyn agzyna gabatgelyan we gyzgyna cydamly bir gap goyup icine hamyr ucin bolan mesgani goymaly we mesge eranson seker bilen baly gosup seker ereyanca garyp durmaly. Seker gowy eranson sodanam gosmaly we garysym cisip baslayanca bulap durmaly(renkem azajyk aga yakyn bolyanca). Son ayryp sowayanca garasmaly we sowanson yumurtgalary gosup elimiz bilen garyp yuwasjadan unam gosup ele yelmesmeyan hamyr etmeli. Hamyr bolandan son 6 den bolege bolup medowigi namede bisirjek bolsanyz sol gaby kek bisiremizde sepyan Baker's joy sepip bir bolek hamyry gabyn ortasynda goyup elimizi yaglap elimiz bilen basyp yukaltmaly(men tegelek gapda bisirdim) we onunden gyzdyrlan 360F 5-7 minut bisirmeli(derrew bisyar). Bisirip durkanyz kreminem mesgani mikserlemeli we sgushenkany gosup yene gowy garaymaly. Men 6 bolek hamyryn bir bolegini gaytyrak gyzardyp yuzune sepmage ulandym 5 gat etdim medowigi. Bisirip bolanynzdan son her gata krem calyp yuzunede krem calyp ustunem isleysiniz yaly bezap bilersiniz.

28 Mayıs 2010 Cuma

Baklajanly duhowka nahary

Gerek zatlar:
1 baklajan
1 uly pomidor
1 bolgar burc
350g farsh
1 sogan
petrushka
1 nahar cemce tomat pasta
1/4 stakan suw
Farshy, sogany mayda dograp we petrushkany garmaly we kotlet yasap goymaly(duz bilen burc gosmanam unutmalyn:). Baklajany alaja artyp keseligne kesishdirip(tegeleklere bolmeli) yagda gyzartmaly we yagyny suzdurmeli. Bisirjek gabynyza gezekleshdirip kotlet,baklajan,kotlet,pomidor, kotlet,bolgar burc goyushdyryp cykmaly. Duzup bolanynyzdan son gyzgyn suwda tomat pastany eredip ustune guyushdyryp 360F ustuni yapman bishirmeli.

19 Mayıs 2010 Çarşamba

Kartoska salat

bu salady joralarmyn biri uysemizde edip getiripdi gowy gorup menem son oyde etdim.
Gerek atlar:
  • kartoska (islege gora)
  • petruska
  • gyzyl kelem
  • gatyk
  • sarymsak terkadan gecirlen
Kartoskany gaynadyp pure edin,duzlan. Sonam salat goyjak tabagynyza kartoska pureni yayradyn. Ustundenem sarymsakly gatyk guyun. In ustundenem gezeklesdirip mayda dogralan keem bilen petruska sepin.

Burunc salady

Bu saladyn receptini bu gun ne pisirsem siteden aldym. Bir tapawudy yasyl goroh gosmadym oz yanymdan gelisditmedim bu salada.
Gerek zatlar:
  • 1 stakan burunc
  • 3 nahar cemce osumlik yag
  • 1,5 stakandan biraz kop suw
  • 2-3 nahar cemce konserwa mekge
  • 2 sany gaynadylan we dogralan kasir
  • petrushka
  • yas sogan 3-4 sany (pucok dal)
  • duz
Burunji 30min duzly suwda goyup sonam 3 nahar cemce yag bilen bisirmeli(turk palaw yaly). Burunc bisip sowanson eyleki zatlar bilen garysdyryp yag  gosmalywe limon gysmaly.

Cagalar ucin oy kokesi(pryanik:))

Gerek zatlar:
1 stakan gatyk
1 cay cemce soda uksus bilen oldurlen
1/2 stakan seker
1 nahar cemce eredilen mesge
1 yumurtga
1/2 paket wanilin
un
Hemmesini garyp hamyr edip elimiz bilen bolejik hamyrlardan isledigimiz sekilde koke yasap 350F yuzi gyzaryanca bisiraymeli.

Peynirli makaron

Gerek zatlar:
  • makaron(mayda bolmasyn)
  • 2+1/4 stakan suyt
  • 1 stakan terkadan gecirlen kasar peynir
  • azajyk petruska
  • 1 kici sogan
  • 2 dis sarymsak terkadan gecirlen
  • 2,5 nahar cemce un
  • osumlik yag,garaburc,duz
Gazana suw alyp gaynadyn. Gaynap duran suwa makarony,duz we azajyk yag guyun makaron bir birne yelmesmez yaly. Basga bir gaba azajyk yag guyup sogan,sarymsak we unu goyup gowurun. Gowrulanson suydi gosup gaynayanca arasynda bulap durun. Suyt gaynanson 1 minut yaly bulasdyryp gazdan ayirin. Makaron bisenson suwuny suzup tayinlan soganly garysymyn yarsyny makarona gosup garysdyryn. Azajyk duz we garaburc,dogralan petruskany we kasar peynirinem yarsyny makarona gosup garysdyryn we yaglanan borjama guyup ustunden galan soganly garysymy we galan peyniri goyup 360F 7 minut yaly bisirin. Sonam duhowkan broil -ini isledip yenede 360F yuzi gyzaryanca bisirin. Broil-e gecirenizden son 2 minutda yuzi gyzaryar. Ishdaniz acyk bolsun.

20 Nisan 2010 Salı

Kumpir

Gerek zatlar:
  • kartoska
  • azajyk mayonez
  • azajyk kasar peynir terkadan gecirlen
  • ketchup
  • azajyk mesge
Kartoskalary yuwup microwave-de 10-11 minut cook edin. Son kartoskalary ika bolyan yaly kesmeli doly bolman we icine azajyk duz sepip mesge,peynir son mayonez we ustundenem ketchup gezdirin(mekgede goyup bilersiniz isleseniz)

19 Nisan 2010 Pazartesi

Napoleon

Gerek zatlar:
hamyry ucin:
250g mesge yada margarin (dasynda yumsan)
2 stakan un
1 yumurtga
1/4 stakan sowuk suw
1/4 cay cemce duz
Kremi ucin:
200g mesge
1/2 stakan suyt
1 stakan seker
1 pk wanilin
1 yumurtga

Hamyr ucin mesge bilen 1 stakan uny gowy garysdyryp tokgalap holodilnikde 30 min goyun. Basga bir gapda 1 yumrtga,suw we galan uny duz garysdyryp hamyr edin we onam eyleki hamyr ucin 30 min gecyanca dasynda goyun. 30 min gecenden son dasynda duran hamyrynyzy 1cm galynlykda yayip icinede eyleki hamyry goyup gyralarny yapysdyryn tazeden yene 1cm galynlyga gelyanca yayin(yayanyzda hamyram hamyr yayyan yerinizem gowy unlamaly) we yayanynyzdan son hamyry ika eplap son yenede ika eplap holodilnige 15 minutlap goymaly. Son hamyry cykaryp yene yayip yene onki yaly eplap 10 min holodilnige salmaly. Sonam cykaryp hamyry 4-e bolup her bolegi 3mm galynlyga cenli yayip 360F yuzu cala gyzaryanca bisirmeli. Hamyry holodilnikde goyan wagtynyzda kreminem tayinlap goymaly. Yumurtga bilen sekeri agaryanca mikserde gowy garmaly we az azdan suydi gosup orta otda gaynayanca bulap durmaly. Gaynap baslan badyna wanilini gosup sowatmaly. Mesgani ayratyn bir gapda mikserlemeli we az azdan tayinlan eyleki garysymyzy gosup holodilnikde goymaly. Hamyrlarnyz bisenson azajyk sowadyp krem calyn we ust ustune goyusdyryn her gata krem calyp in ustukade krem calyp hamyryn gyralaryndan artan we bolunen bolejikleri sepin.

12 Nisan 2010 Pazartesi

Kabacki dolmasi

Gerek zatlar:(2 kisilik)
  • 5 sany kabacki
  • 1/2 turk cay bardagy burunc
  • 2 kici sogan
  • azajyk petruska
  • 1 orta kartoska
  • 1 cay cemce gury narpyz
  • azajyk garaburc
  • 150g fars
  • azajyk zeytunyag
  • duz
  • 1 nahar cemce burc yada tomat pasta
Kabackileri alaja artyp suratdaky yaly ika bolup icini ayryn. Dogralan soganyn birini,petruskany,yuwulan burunji, narpyz,garaburc,fars,duz,zeytunyagy,tomat pastany gowy garysdyryn. Kabackilerin ustunde 1,5cm yer galyanca icini doldurun. Gazana azajyk osumlik yag guyup galan sogany gowurun. Sogan gowrulandan son tomat pasta gosup azajyk bulasdyryp 1 turk cay bardagy suw guyun. Onson gazana kabackileri duzun acyk tarapy ustunde bolmaly. Sonam kabackilerin yarsyndan sahel gecyan suw guyup aralyklarada kartoska dograp atyn suw gaynanson(orta otda gaynamaly) we gazanyn asagyny hayalladyp(calaja gaynap durar yaly etmeli) gapagyny yapyn. Arasynda duzuny sazlap burunji barlap durun,burunc bisenson ocurup serwis etjek tabagynyza kabackileri sonam azajyk suwundan alyp ustundede sarymsakly gatyk guyup iyibermeli.Isdaniz acyk bolsun.

31 Mart 2010 Çarşamba

Lahmajun

gerek zatlar
hamyry ucin
  • 2 stakan un
  • 2  cay cemcesi duz
  • 1/2 cay cemce drozh
  • 1/2 cay cemce seker
  • 1/4 stakan yili suw
  • 150ml gatyk
Usti ucin
  • 2 orta pomidor
  • 1 orta sogan
  • 250g farsh
  • azajyk petruska
  • 2 uly dish sarymsak
  • 1 uly bolgar burc
Hamyry edip 30-40 minut yaly basyrmaly. Sogany,petrushkany,bolgar burcy mayda dograp sarymsagam terkan kicisinden gecirmeli. Pomidorlary dasyny ayryp kubik edip dograp hemmesini garyp duz burc sepmeli. Hamyrdan bolekler alyp yayip ustunede tayinlan garysymynyzy yayradyp(suratdaky yaly) 400F bisirmeli Hamyryn gyralary gyzaryp baslanson cykaraymaly dihowkadan. Sonam limon bilen serwis edin.
Not yokardaky olceglerden 7 sanysy cykyar koprak isleseniz hemme zadyn iki essesini gosayin.

Baklajanly we basga gok onumlerde gosulan duhowka nahary

Bu receptin originalyny joram Cynardan aldym. Yone men azajyk uytgetdim mysal ucin original reseptde kabacki yok men gosup etdim.
Gerek zatlar: (7 adamlyk)
  • 1 uly baklajan
  • 2 uzyn boyly yasyl bolgar burc
  • 350g et
  • 4-5 orta boyly kabacki
  • 1 orta sogan
  • 4 orta boy kartoska
  • 1 nahar cemce tomat pasta
  • 1 stakan suw
  • 3 pomidor
  • duz
Baklajany,kabackini dasyny artyp kubik edip dogramaly.Kartoskany solomka edip dogramaly. Bolgar burcam arassalap orta boy edip dograymaly. Eti naharlyk nahili dograyan bolsanyz sonun yaly dograymaly. Skoworodka yag guyup orta otdan sahel gatyrak edip baklajany,kabackani,kartoskany,bolgar burcy we eti azajyk gowurun. (men hemmesini yzly yzyna bir gapda gowrup cykdym).Doly biserine garasman sahel daslary gyzarandan cykarmaly. Cykaranyzdada bir suzguc yaly desik gabynyz bar bolsa asagyna tarelka goyup sona cykarayin suzulen yagy yzyna skoworodka guyubermeli. Hemme zady gowrup bolanynyzdan son bir ulurak gaba alyn we soganam dograp gosun. Pomidorlaram dasyny ayryp kubik edip dograp gosun we azajyk duzlap hemmesini garysdyryn. 1 stakan gyzgyn suwda tomat pastany gowy eredip duz sepin. Borjama eyleki garan zatlarnyzy yerlesdirip ustundenem tomatly suwy gezdirip cykyn we alyumin folga bilen yapyp 380F 1 sagat bisirin. Ishdaniz acyk bolsun.

Ansat pogaca

Gerek zatlar:
Men buna pogaca diymesem basga name at goyjagmy bilmedim gyssanan wagtym edyan.
Gerek zatlar:
1 Puff pastry sheets
azajyk ogradylan peynir
Puff pastry hem tayin hamyr icinde iki sany bolyar her hamyrdan 9 sany dortburcluklar kesisdirip icine peynir goyup gyralarnam barmagymy suwa batyryp gyrasyna calyp gyralarny birlesdiryan we yuzune yumurtga calyp onunden gyzdyrlan duhowkada yuzi gyzaryanca bisiryan.

Manyzly kurabiye

Gerek zatlar:
  • 250g dasynda yumsan mesge
  • 1 stakan seker pudra
  • 1 paket kabartma toz
  • 1 paket vanilin
  • 1/2 stakan yaly owradylan hozun manzy
  • un
  • 2 yumurtga
Gaba mesgani,sahar pudrany,vanilini,1 yumurtgany we 2-nji yumurtganam dine sarysyny goyup garysdyryn. Sonam kabartma toz,2 nahar cemce owradylan manyz we un gosup yumsak hamyr edin(uny az azdan hamyr bolyanca gosunermeli). Hamyrdan kici bolejikler alyp elinizde togalap ilki yumurtgan agyna sonam manza batyryp podnosa duzun we onunden gyzdyrlan 350F duhowkada gyzaryanca bisirin.

26 Mart 2010 Cuma

Kelemli corba

Gerek zatlar:
  • 1 gysym fars
  • 1 kasir terkadan gecirlen
  • 1 kici sogan dogralan
  • 1/4 kelem
  • 2 orta kartoska
  • duz,garaburc
Gazana azajyk yag guyup sogany gowurmaly. Sogan doly gowrulmanka farsy gosup 3 minut yaly gowurun. Ondan son kasiri gosun.2 minut yaly bulasdyryp dogralan kelemi we azajyk garaburc gosun we 5 minut bulasdyryp gowurun. Son kelemin yuzune 1cm yaly cykyanca suw guyup orta otda gaynadyn. Gaynanson dogralan kartoskanam atyp duzuny sazlan. Kelem we kartoska bisenson oduny ocurun.

Shishka corbasy

Bizin oymuzde bu corba mydama shishka diyerdik, son ucin basga name at goyjagymy bilmedim:)
Gerek zatlar:
  • 250g fars
  • 1 orta sogan
  • 1/3 stakan burunc
  • 1 nahar cemce tomat pasta
  • 2 orta kartoska
  • duz,garaburc,petruska
Burunji yuwup fars bilen garyn,duzlan we eliniz bilen kicirak topjagazlar yasap goyun. Gazana azajyk yag guyup(osumlik yag) sogany dograp gowurun. Sonra tomat pastanam gosup 1 minut yaly bulasdyryp suw guyun(suwu ozuniz nahilirak isleseniz). Suw gaynandan son yasan toplarnyzy we artylyp dogralan kartoskany gosun. Ondan son bisyancaler orta otda gaynap dursunlar. In sonundada duzuny sazlap petruska sepin we 1 minut yaly gaynadyp gazanyn asagyny ocurin. Isdaniz acyk bolsun.

Towuk kotledi

Gerek zatlar:
  • 1 towugyn dosi uwelen
  • 1 orta boy sogan mayda dogralan
duz,garaburc,yag,kimyon
Towugy uwap sogan bilen garyn. Son duz,garaburc,kimyon gosun. Elinizde kotlet yasap yagda gyzardyn. Yany bilen kartoska pure bisirip bilersiniz.

Kysyr

Gerek zatlar:
  • 1 stakan cig koftelik bulgur
  • 1 nahar cemce tomat pasta
  • 1 nahar cemce turk biber salca
  • 1 cay cemce kimyon
  • 4 yas sogan(bogdak dal)
  • 1 cay cemce gury narpyz
  • 2 nahar cemce nar eksisi
  • 1/2stakan zeytun yag
  • gyzyl burc,limon suwy,petruska
Bulguryn ustune 1,5 stakan gyzgyn suw guyup suwuny cekyanca orta otda gowurun. Suwuny cekenden son sowadyn. Sowanson tomat we biber salcalary gosup gowy garysdyryn. Sonra galan zatlaram gosup garysdyryn. Nar eksisini gosanynyzdan son tursulugu az bolsa limon suwy bilen sazlan.

19 Mart 2010 Cuma

Belyashi

Gerek zatlar:
Hamyry ucin:
  • 2 yumurtga
  • 1 stakan yili suyt(250ml)
  • 2 cay cemce drozh
  • 2 nahar cemce osumlik yag
  • un
  • 1,5 cay cemce duz
Ici ucin:
  • 400g farsh
  • 1 orta sogan mayda dogralan
  • duz,garaburc
  • 2 nahar cemce suw
Yili suytde drozh we duzu eredip yumurtga bilen garyn. Son az azdan un gosup ele elmesmeyan hamyr edin. Ondan son yagy gosup hamyra gowy sindirin. Hamyryn ustuni bir zat bilen yapyp 1 sagat basyryn. Ici ucin hemme zady garysdyryn. Son hamyrdan yumurtgan yarsy yaly bolejikler alyp suratdaky yaly yayin we 1 nahar cemce icini goyup hamyryn gyrasynda 1cm yer galjak sekilde icini yayradyp suratdaky yaly yapyn. Sonam yagda eylesine beylesine owurup gyzardyn(ilki acyk tarapyny gyzartmaly,ustuni).Ishdaniz acyk bolsun.
Yili suytde d

16 Mart 2010 Salı

Pudingli kek

Gerek zatlar:
  • 3 yumurtga
  • 1/2 stakan suyt
  • 1/2 stakan osumlik yag
  • 1 paket puding bisirilmedik
  • 2 stakan un
  • 1 stakan seker
  • 1 paket kabartma tozy
Yumurtga bilen sekeri agaryanca mikser bilen govy garmaly. Son suyt,yag we pudingi gosup garysdyrmaly. Ondan son kabartma toz bilen unu gosup garysdyryp yaglanan kek galyba guymaly(men kek galyby yaglamak ucin yag dalde yorite kekler ucin sepilyan Baker's joy ulanyan. Kek galybyna sepisdirip kegimi guyyan yelmesman ovy bisip bitinliginide ansatjak cykyar) we onunden gyzdyrlan 350F bisirmeli.

"Agsam" salady

Gerek zatlar:
  • 300g goynun bagry
  • 2 orta kartoska
  • 1 orta hiyar(uly bolsa yarsy)
  • 1 orta sogan
  • 2 yumurtga,duz,mayonez
Gazana suw guyup gaynadyn we gaynag suwa bagry atyp orta otda 18minut gaynadyn. Kartoska bilen yumurtganam hersini ayri gaplarda gaynadyn. Sogany mayda dograp ustune gaynag suw guyup goyun 10 minutlap son suwuny dokun. Bagry we hiyary kicirak solomka edip dogramaly. Yumurtgany terkadan gecirmeli. Kartoskany kubik edip dogramaly. Hemmesini garyp azajyk duz sepip mayonez gosmaly.

12 Mart 2010 Cuma

Kelemli pirozhki

Gerek zatlar:
  • 3 cay cemcesi drozh
  • 1000g un
  • 60g seker(6 nahar cemce)
  • 3 cay cemce duz
  • 250g mesge
  • 400ml gaynag suw
Ici ucin:
  • 4 yumurtga
  • 1 orta sogan
  • 30ml osumlik yag
  • 500g kelem
Hamyr etjek gabynyza undan birazrak guyun ve unun ustune sekeri,duzu we drozhy guyun. Basga bir gaba gaynag suwy guyup icine mesgani dograsdyryp atyn. Mesge eranden son eyleki unlu gabyn ustune guyup az azdanam un gosup pogacan hamyry yaly hamyr edin we yili yerde 1 sagat basyryn. Hamyr alyanca gazana suw alyp duz gosup gaynadyn we gaynap duran duzly suwa kelemi dograp atyn we 20minut orta otda gaynadyn. Basga bir gaba osumlik yagy guyup sogany dograp gowurun. Yumurtgalaram ayry bir gapda gaynadyn ve bisenson maydarak kubik edip dogran. Kelemin suwuny suzup icine 1 nahar cemce mesge gosun. Son sogabn bilen dogralan yumurtganam gosup garysdyryn. Hamyrdan bolek alyp elimiz bilen acyp icine 1,5 cay cemce icinden goyup pogaca yasaysimiz yaly yasamaly we podnosa duzmeli. Son hemmesinin yuzune yumurtga calyp onunden gyzdyrlan 350F yuzi gyzaryanca bisirmeli.

10 Mart 2010 Çarşamba

Jadyly torty

Oglum su gun iki yasady son doglan gunune etdim bu torty.
Gerek zatlar:
  • 6 yumurtga
  • 8 nahar cemce seker
  • 10 nahar cemce mayonez
1 banka goyaldylan suyt(sgusenka,moloko 380g) moloko bardakiler 396g son ucin gosanyzda duybunde iki cemce yaly goyup galanyny gosayin.
500-550g un(20-22 nahar cemce)
1 paket kabartma toz
Kremi ucin:
700g smetana(28 nahar cemce)
8 nahar cemce seker(200
Yumurtga bilen sekeri mikser bilen gowy garmaly. Son mayonezi gosup gowy garmaly. Ondan son molokony gosup garmaly. Sonam kabartma toz bilen uny gosup garyn. Uny az azdan gosun keginki yaly goyi bolmaly(hamyr bolmaly dal).Son tegelek yada dortburc borjamlary yaglap 1cm galynlykda edip guyun. (menki 1 uly borcam ve 1 orta borcam boldy) ve onunden 360F gyzdyrlan duhowkada bisirin 20-25 minut yaly. Kek bisyanca smetana bilen sekeri gowy garyp holodilnikde goyun. Kek bisenson azajyk garasyp yup bilen yada pycak bilen ika kesin keseligne(men yup bilen kesyan) ve servis tabagynyza bir bolegni alyp krem calyn we eyleki boleklerem ustune goyup hersinin arasyna krem calyn govy edip. In ustunede galan kremi calyp men kekin gyrasundan kesisdirip ownuklap sony sepdim ve kek bezelyan kremler bilen bezedim. Sokolady terkadan gecirip onam sepip bilersiniz inliscede diyilisi yaly it is up to you:).

3 Mart 2010 Çarşamba

Baklajan nahary yada imam bayildi

Gerek zatlar: 6 adamlyk
  • 3 uly baklajan
  • 2 stakan osumlik yagy
  • 1 uly sogan
  • 6 pomidor
  • 6-7 dis sarymsak
  • 3 incejik yasyl ajy burc
  • 2 nahar cemce zeytunyag
  • duz,garaburc,petruska
  • 1 limon suwy
Baklajany alaja artyp butunlugine 2 stakan yagda gyzardyn eylesine beylesine owurup(oduny ortadan biraz gaty etdim). Sogany ika bolup sonam eyleligne yarym halka edip dogran. Sarymsak bilen pomidoram dogran. Iki nahar cemce zeytun yag bilen gowurun. owrulansonlar duz,garaburc we petruska gosun.Baklajanlary ika bolup ustune gowuranynyzdan goyup onam ustune ajy burclary kesisdirip hersinin ustune iki bolejik goyup limon suwy sepip 380F 10-15 minut bisirin.

Lebeniye corbasy

gerek zatlar:
kotlet ucin
  • bir ayanyza sygyan fars
  • duz,garaburc
Corba ucin:
  • 1stakan gaynadylan nohut(men 1 konserva tayin ulandym)
  • 1/2 stakan burunc
  • 750ml gatyk
  • 1 yumurtga
  • 1 nahar cemce un
Ustune:
  • 2 nahar cemce mesge
  • 1 nahar cemce zeytunyag
  • 1 cay cemce narpyz
Kotlet ucin zatlary garyp nohut ululygynda toplar yasap holodilnikde goyun. Corba ucin gazana gatyk,un,yumurtga guyup govy garysdyryn ve biraz ulurak otda gaynayanca garysdyryp durun. Gaynanson gatykdan biraz az gyzgyn suw guyun ve burunc bilen nohudy atyn. Burunc bisyanca orta otda garysdyryp gaynadyn ve burunc bisenson ocurun. Yasan toplarnyzy 2 nahar cemce osumlik yagda gyzardyn. Corban serwis edilmesine 30 minut galanda corban asagyny tazeden yakyp toplary atyn, duzuny sazlan. Ayratyn mesgani eredip zeytunyag bilen narpyzam gosup garysdyryn ve corba gosun.

Hasanpasa kotleti ve kartoska toplary

8 adamlyk
Gerek zatlar:
  • 750g fars
  • 1 orta sogan
  • 2 yumurtga
  • coregin ici
  • duz,garaburc
Pure ucin:
  • 5-6 orta kartoska(men iki ulusyny ulandym)
  • 2 nahar cemce mesge
  • 1 yumurtga
  • 1/2 stakan suyt
  • duz
  1. Kartoskany gaynadyp pure edin. Mesgani eredip ustune guyup garysdyryn. Yumurtga bilen suydem govy garysdyryp onam kartoska gosup garysdyryn. Kotledin zatlaryny garysdyryp ortasy cukurjyk kotletler yasap podnosa yada borjama duzun. Ustune 2 nahar cemce osumlik yag gezdirip 380F 15-20minut yaly bisirin. Ustune pure guyup 1 nahar cemce tomat pastany suwda ezip ustune guyun ve gyzaryanca bisirin.
Menin kartoska puremden artanson suratdaky yaly toplar etdim(daslarna kasir,petruska ve sumak ulandym)

18 Şubat 2010 Perşembe

Icli kofte

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000030326316
Gerek zatlar:
  • 2 stakan koftelik bulgur
  • 1 orta sogan
  • 1 nahar cemce turk biber salca
  • 2 stakan gaynag suw bulgury we irmigi ciglandirmak ucin
  • 1 cay cemce kimyon
  • 1,5 stakan irmik
  • 1 cay cemce duz
Ici ucin:
  • 500g fars
  • 125g margarin
  • 4 orta sogan
  • 3 dis sarymsak
  • 1 cay cemce gyzyl burc
  • 1 cay cemce garaburc
  • 1 cay cemce kimyon
  • ukrop yada petruska
Men yokardaky zatlan hemmesinin yarsyny ulandym. Bulgury 1 stakandan koprak suw bilen ezip 1 sagat goymaly. Irmigede gosmakan 5 minut onunden suw gosup ezmeli.Son sogany bulguryn ustune terkadan gecirmeli. Kimyon,salca,duz gosmaly we gowy yogurmaly. Ondan son ormik gosup yene gowy yogurmaly. Ici ucin farsy margarin bilen gowurmaly. Sogany maydajyk dograp gosmaly we gowurmaga 2-3 minut yaly dowam etmeli. Son baharatlary gosup sowatmaly. Bulgurlu tayinladiginizdan biraz alyp elinizde togalan sonam barmagynyz bilen icini oyup yukaltmaly(youtube.com-da icli kofte nasil yapilir diyip gozletseniz bardyr videosy menem sonda owrendim:)) we icini goyup yapmaly. Seydip hemmesini yasap bolanynzdan son gazanda gaynayan suwa 1 cay cemcesi limon,duz gosup kofteleri atmaly. Kofteler bir birnin ustune dusmesin we yuvasja bir sapar bulap 8 minut orta otda gaynadyp son kepgir bilen cikaryn. Isleseniz kofteleri gaynatman gowurubam bilersiniz kotlet bisirimiz yaly. Men gaynatdym yone indiki sapar gowurjak gowurlan hasam gowy bolyar diydiler.

17 Şubat 2010 Çarşamba

Borek

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000030326792
Gerek zatlar:
  • 1 phyllo dough
  • 200g ysmanak(iri yaprak bolsa dogramaly)
  • 1 orta boy sogan dogralan
  • 1 nahar cemce tomat pasta
  • duz,garaburc
Sousy ucin:
  • 2 stakan gatyk
  • 2 yumurtga
  • biraz osumlik yag yada zeytunyag (salada gosyanymyzdan biraz koprak gosaymaly)
Onki borek edisimiz yaly bu borek dine sousy uytgesik son ucin onki edisimiz yaly edyameli.

Kadi tatlisi

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000030328063
Gerek zatlar:
0,5 kg kadi dasy artylan we irirak dogralan
1,5 stakan seker
1/2 turk cay bardagy suw
manyz owradylan
Kadini gazana goyup ustune sekeri we suwy goyup orta otda gaynayanca bulasdyryp durmaly. Gaynanson asagyny hayalladyp kadi yumsayanca gapagyny yapyp calaja gaynap durmaly. Kadi bisenson sowadyn. Son iyjek wagtynyz manyz sepin ustune.

8 Şubat 2010 Pazartesi

Kadilli manty

Gerek zatlar:
  • kadi
  • 1 orta sogan
  • 1 orta kartoska
  • duz,garaburc
  • mantylyk hamyr(duz+suw+un)
Kadini,kartoskany we sogany terkan irisinden gecirin(menin kadim ulurak bolanson yarsyny ulandym) we duz,garaburc gosup garysdyryn. Galan yeri edil onki mantylar yaly bukup bisiribermeli.

Borek

Gerek zatlar:
  • 1/2 phyllo dough
  • 1 yumurtga
  • 1/2 stakan suyt
  • 1 stakan gatyk
  • fars yada dogralan 150g et
  • 1 kici sogan
  • 2 pomidor daslary ayirlan
farsy.sogany we pomidory gowrun,duz,garaburc sepin. Yumurtga,suyt we gatygy garysdyryp sos tayinlan. Iki yufkany yazyp yuzune sos calyp gyrasyna tayinlan icinizden goyun we rulet yaly dolap yaglanan borjama yerlesdirin. Borjam dolyanca gaytalap goyuberin. Son yuzlerne galan sosunuzdan calyp susam sepip 350F yuzi gyzaryanca bisirin. Isdaniz acyk bolsun.

Baklajan salat

Gerek zatlar:
1 uly baklajan
3 dis sarymsak
Baklajany artyp boyuna incerak edip giyisdirin we yagda gyzardyn. Sarymsagam terkadan gecirip gyzardylan baklajanyn gyrasyna goyup rulet yaly dolan.

Towuk salat

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000030186941
Gerek zatlar:
  • 1 towugyn dosi
  • 2 orta kasir
  • 1 orta hiyar
  • 2-3 yas sogan
  • 2 dis sarymsak
  • 1 bolgar burc
  • 4 nahar cemce gatyk
  • mayonez,petruska,duz,garaburc,ukrop
Towugyn dosuni bisyanca gaynadyn we bisenson mayda utusdirip cykyn.Son duz we garaburc gosup garysdyryn. Kasiri,sogany,bolgarburcy we hiyary mayda dogran. Hiyaryn yone dasyny galynrak artyp sony dogran icini alman. Sarymsagy terkan maydasyndan gecirin. Dogran zatlarnyzam towuga gosman ayratyn bir gapda garysdyryn we 1/2 stakan yaly ayryp galanyny towuk bilen garyn. Son gatyk we mayonez gosup garysdyryn we serwis etjek tarelkanyza goyanynyzdan son ayran garysymy ustunden goyun.

Limonly kek

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000030177118
Gerek zatlar:
  • 3 yumurtga
  • 1 turk cay bardagy gatyk
  • 1 turk cay bardagy osumlik yag
  • 2 turk cay bardagy seker
  • 1 turk cay bardagy suyt
  • 5 turk cay batdagy un
  • 1 paket kabartma tozy
  • 1 paket wanilin
  • 1 limonyn gabygy terkadan gecirlen
  • 1/2 stakan owradylan hozun manzy
Seker bilen yumurtgalary mikserde gowy garyn. Son galan zatlaram gosup garysdyryp kek galybyny gowy yaglap guyun we 350F 35-40 minut bisirin. Bisenini biljek bolsanyz pycak sokup gorun pycagynyz gury cyksa bisendigi. Bisenson bada kek galybyndan cykarman dasynda 5-10 minut yaly dursun son cykarayin. Seytsen kek yelmesman dursuna cykyar.

29 Ocak 2010 Cuma

Rulet baklawa

http://clickserve.cc-dt.com/link/click?lid=41000000030190715
Gerek zatlar:
  • 1 phyllo dough
  • 250g mesge
  • 2 stakan owradylan manyz
Serbeti ucin:
  • 2+1/4 stakan seker
  • 2+1/4 stakan suw
  • 1/2 limonyn suwy
Serbbetini tayinlap sowadyn. Biraz soganson holodilnikde goyun. Iki yufkany yazyn we mesge calyn sonam biraz manyz sepisdirin. Son ustunden yene iki yufka goyup mesge calyp manyz sepin. Muny yene iki sapar gaytalan jemi 8 yufka bolmaly. Sonam uzyn tarapyndan rulet yaly dolap kesin we podonosa yada borjama duzup onunden gyzdyrlan 350F bisirin biraz gyzaryanca. Bisenson dasynda 10 minut saklap son sowuk serbeti guyun.